Türkiye geçen ýyl 133 ýurda 2,2 milliard dollarlyk deňiz önümlerini eksport etdi

Türkiye geçen ýyl 133 ýurda 2,2 milliard dollarlyk deňiz önümlerini eksport etdi

Türkiyäniň deňiz önümleriniň eksporty artmagyny dowam etdirýärkä, geçen ýyl 133 ýurda takmynan 2,2 milliard dollarlyk önüm eksport edildi.

Söwda ministrliginiň beýanatyna görä, Türkiye önümçilik kuwwaty, ýokary hilli infrastrukturasy we eksport görkezijileri bilen pudakdaky ornuny pugtalandyrdy.

Beýanatda halkara maglumatlara ünsler çekilip, 2021-nji ýylda jemi 167,9 milliard dollar bolan deňiz önümleriniň global eksportynyň geçen ýylyň ahyryna çenli takmynan 11 göterim artyp, 186 milliard dollara ýetendigi habar berildi.

Beýanatda Türkiyäniň deňiz önümleriniň eksportynyň şol döwürde takmynan 64 göterim artyp, 1,38 milliard dollardan 2,2 milliard dollara ýetendigi bellenilýär we geçen ýyl önümleriň 133 ýurda iberilendigi nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Eýrana garşy düýn gije başladan hüjümleriniň bes edilendigini aýan etdi
Russiýa jogap hökmünde Rumyniýanyň Sankt-Peterburgdaky baş konsulyny ýurtdan çykardy
Wenesueladaky ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Russiýa: Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjüminde Moskwa sebitinde 3 adam ýogaldy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Trampyň wekili ABŞ-nyň Eýran bilen urşunyň 60 günlük möhletden öň "tamamlanandygyny" aýtdy
Tramp ABŞ-nyň Germaniýadaky esgerleriniň sanyny azaltjakdygyny aýtdy