Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakelaropullunyň Afiny şäheriniň Elliniko-Agrirupoli etrapçasynda gurulmagy meýilleşdirilýän "Sürmene Bütindünýä Pontus Ellinizm" köşgüniň tanyşdyrylyş çäresinde eden çykyşynda, Türkiýäniň ýakyn taryhy barada sarp eden esassyz öňe sürmelerine reaksiýa bildirilendigi habar berildi.

Beýanatda: "Bu öňe sürmeler Anadolyny basyp almaga synanyşanyň Gresiýadygyny, Gresiýanyň goşunynyň esasan hem Günbatar Anadoly sebitimizdäki bigünä adamlara garşy wagşylyk bilen adam jenaýatlaryny edendigi baradaky hakykaty üýtgetmez.Alýans Döwletleriň Derňew komissiýasynyň habarnamasynda bellige alynan şol jenatlar sebäpli Gresiýanyň Lozanna Parahatçylyk ylalaşygynyň 59-njy maddasyna laýyklykda, söweş hukugyna ters gelýän aksiýalardan gözbaş alýan zyýanlaryň öwezini dolmaga borçludygyny ýene-de bir gezek ýatladýarys" diýip aýan edildi.

Gresiýanyň ýygy-ýygydan öňe sürýän hakykata bap gelmeýän günäkärlemeleriň, iki ýurdyň arasyndaky meseleleriň çözgüdi ýolundaky açyk göwünli we hakykatçyl dialog gurşawynyň emele getirilmegi bilen bagly ädimlere zyýan ýetirýändigi bellenen beýanatda: "Bular ýaly garaýyşlar we hereketler, döwletden garaşylýan jogapkärçilige gabat gelmeýär. Şol çäkde goňşy ýurt Gresiýa ýene-de bir gezek sagdyn pikirlilige we konstruktiw bir düşünjä çagyrýarys" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ortaça iň köp gol geçirilen çempionat (Dünýä Kubogy 1954)
Mähirli gutlaglar
Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli kärdeşi Jozef Baýden gutlady
Elli ýyllap güýç berilmesiz işleýän batareýa döredildi
Arap maýa goýum gaznasy Milan klubuny 1,2 mlrd ýewro satyn alyp biler