Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi

Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi

Türkiye Ýewropada ençeme gün bäri dowam edýän tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek üçin Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa howadan goldaw berýär.

Türkiyäniň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň görkezmesine laýyklykda, ozal Ispaniýa iberilen iki ýangyn söndüriji uçardan soň, indi bolsa Fransiýanyň goldaw berilmek baradaky haýyş esasynda bu ýurda iki ýangyn söndüriji uçarynyň iberilendigini mälim etdi.

Ýumakly Ýewropada dowam edýän tokaý ýangynlarynyň, ýangyna garşy göreşmegiň nähili kyndygyny ýene-de bir gezek görkezýändigini aýtdy we Türkiyäniň öz serişdeleri we tejribesi bilen diňe öz tokaýlaryny goramak üçin däl, eýsem zerur bolan halatynda, beýleki ýurtlaryň tokaýlaryny hem goramak üçin öz üstüne jogapkärçilik alandygyny nygtady.

Ýumakly, Türkiyäniň Ispaniýa beren goldawyndan soň, indi bolsa Fransiýanyň soran kömek talabyna hem tiz wagtda jogap berendigini belläp: "Tokaýlar bize amanat edildi; olar geljekki nesillere galdyrjak iň gymmatly mirasymyzdyr. Bu düşünje bilen, serhetaşa jebisligimizi we göreşimizi berk dowam etdireris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Makron Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny ugradan Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sudanda saparda boldy
Prezident Erdogan Iordaniýanyň Daşary İşler Ministrini Kabul Etdi
Eýranda plastiki operasiýa üçin ýaş çägi 14 ýaşa çenli peseldi
Ibrahim Kalyn Hamasyň Syýasy býurosynyň resmileri bilen söhbetdeş boldy
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”