Türkiýe “mekdebi ýapan” Gresiýany ýazgardy…

Türkiýe “mekdebi ýapan” Gresiýany ýazgardy…

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Kabul edilen bu soňky karar bilen birlikde, azlyklara degişli başlangyç synp mekdepleriň ýarsyndan gowragy ýapylyp, sany 103-e çenli azaldyldy. Şeýlelik bilen Günbatar Frakiýa türk azlygyna degişli başlangyç synp mekdepleriň wagtlaýyn togtatmak usuly bilen ýapylmagy bilen baglanşykly Gresiýanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ulgamlaýyn häsýete öwrülendigi subut boldy" diýip habar berildi.

Gresiýada mekdepler bilen bagly geçirilen soňky kanuny düzgünnamalarda azlyklara degişli mekdepleriň ençeme madda boýunça çarçuwanyň daşyna goýulyp diskriminasiýa edilendigi bellenen beýanatda: "Lozanna parahatçylyk ylalaşygynyň düzgünlerini bozýan ady agzalan kararlar, Günbatar Frakiýadaky kowumdaşlarymyza garşy eýýäm onlarça ýyllap dowam etdirilýän assimilýasiýa we basyş syýasatynyň bilim ulgamyndaky ýüze çykmasynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Gresiýa bir tarapdan okuwçylaryň azlygyny bahana edip mekdepleri ýapýan bolsa, beýleki tarapdan zerurlygyň barlygyna garamazdan täze Azlyk mekdepleriň açylmagy baradaky talaplary görmediksireýär we azlyklara degişli çagalaryň bilim bilen bagly hukuklarynyň biri-birinden tapawutly bahanalar bilen düzgünini bozýar" diýip mälim edildi.

Gresiýa azlyklaryň mekdeplerine garşy durmuşa geçirýän diskriminasion syýasatyny bes etmek barada çagyryş berilen beýanatda: "Halkara jemgyýet, ÝB-ne we Ýewropa Geňeşine agza bir ýurtda adam hukuklarynyň ulgamlaýyn häsýetde düzgün bozmalaryna mundan beýläk tomaşaçy bolup galmaly däldir. Türkiýe hem ikitaraplaýyn duşuşyklarda hem-de halkara platformalarda azlyklaryň haklaryny we hukuklaryny goldamaga dowam eder" diýip aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
29-njy Oktýabr Respublika Baýramy
Mewlüt Çawuşugly Gresiýa reaksiýa bildirdi
“Gresiýa Ýaraglanma Bäsleşiginde”