Türkiye Müsür bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürer

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat Söwda ministrliginde Müsüriň Senagat we söwda ministri Ahmed Samir Saleh we ýanyndaky işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Ömer Bolat geçirilen duşuşyk bilen bagly Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Saleh bilen iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady gatnaşyklaryň üstünde durup geçendiklerini habar berdi.

Ykdysady gatnaşyklarda täze ýol kartasyny kesgitländiklerini aýdan Ömer Bolat: "Müsür bilen ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary öňümizdäki 5 ýylyň içinde 15 milliard dollara ýetirmegi, erkin Söwda ylalaşygyny ösdürmek üçin Bileleikdäki komitetiň maslahatyny geçirmegi, maýa goýumlar we potratçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegi, milli pul birlikleri bilen söwda mümkinçiliklerini gözden geçirmek barada karara geldik.

Bu duşuşykda kabul eden kararlarymyza ýakyndan gözegçilik etmek, Ýokary derejeli söwda geňeşmeler mehanizmiň çäginde gysga wagtyň içinde Kairde duşuşyk geçireris" diýip mälim etdi.

Söwda ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, duşuşykda ikitaraplaýyn maýa goýumlaryň artdyrylmagy nokadynda maýa goýumlara gerek bolan ýeňillikleriň üpjün edilmegi üçin güýçli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen bagly ylalaşygyň gazanylandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ynsanperwer Film Festiwalynda Baýraklar Gowşuryldy
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr aýdym-saz muşdaklaryna naýbaşy eserleri peşgeş etdi
Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi
06.11.2018 | Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi
Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi