Ynsanperwer Film Festiwalynda Baýraklar Gowşuryldy

Festiwalda mynasyp orunlara eýe bolanlara baýraklary Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun we TRT-niň Baş müdiri Mehmed Zahid Sobajy bilen TRT-niň ýolbaşçylary tarapyndan gowşuryldy.

Birinjilik baýragyna Wengriýadan Akos Kowaks laýyk görülen bolsa, Eýrandan Alireza Kazemipur ikinji, Kosowadan Samir Karahoda üçünji orny eýeledi.

Şeýle hem “klimat gözýetimi” we TRT-niň ýörite baýraklary hem gowşuryldy.

TRT-niň ýörite baýragy; dünýäniň ganaýan ýarasy Gaza üçin gowşuryldy. Baýragy palestinaly režisýor Ahmed Salih almaga hukuk gazanan bolsa, režisýor dabara gatnaşyp bilmedi.

Dabarada çykyş eden Fahrettin Altun festiwalyň TRT-niň “Özi-sözi ynsan” düşünjesi bilen alyp barýan ýaýlym syýasatynyň esasy görkezijisidigini nygtady.

Altun; “Bütin dünýäniň ykdysady çökgünlikler, epidemiýalar, gytçylyk, howanyň üýtgegemegi we dowam edýän çaknyşyklar sebäpli iňňän dartgynly günleri başdan geçirýän döwründe gam-gussaly we çaresiz millionlarça adama sungadyň güýji bilen ünsi çekýän bu festiwalyň ähmiýeti şeýle ýokarydyr” diýdi.

Türkiýäniň global meselelerde gumanitar tarapyna aýratyn üns berýändigini, TRT-niň bu ugurdaky goşandynyň möhümdigini belläp, TRT-niň ýolbaşçylaryna sagbolsun aýdan Fahrettin Altun; “TRT World Citizen Humanitarian Film Festiwaly” hem Türkiýäniň bu ugurdaky ünslüliginiň konstruktiw beýanlaryndan biri hökmünde kabul edilmelidir” diýdi.

Ysraýylyň Gaza Sektoruna guraýan hüjümleri hakynda durup geçen Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy, Ysraýylyň hukugy äsgermeýan elhenç aksiýalarynyň agyr zulma we ulgamlaýyn gyrgynçylyga sebäp bolandygyny nygtap; “Uzak ýyllaryň dowamynda “Pelestina meselesi” diýilýän mesele gün tertibindedi. Ýok, meseläniň ady Ysraýyl meselesidir. Diňe bir Ýakyn Gündogar däl, sebitimiz däl, bütin dünýä bu mesele bilen ýüzleşýär” diýdi.

TRT-niň Baş müdiri Sobajy hem; “Biz perýatlary eşidilmeýän adamlaryň başdan geçirýänlerini eşitdirmäge borçly” diýip, festiwaly dünýäniň wyždanynyň sesi bolan Türkiýede geçirmekden we ynsanperwer meselelerde iş alyp barýanlary myhman almakdan hoşaldyklaryny beýan etdi.

Sobajy, TRT-niň sosial taslamalaryny iş ýüzüne geçirýan “TRT World Citizeniň” başlangyçlaryndan biri bolan festiwala şu ýyl Türkiýe, Ispaniýa, Amerika, Fransiýa, Hindistan, Nigeriýa, Gyrgyzstan, Pakistan, Wengriýa we Palestina ýaly ençeme ýurtdan 370-den gobrak filmiň ýüz tutandygyny gürrüň berdi.

Çykyşynda Gazadaky gumanitar pajyga we Ysraýylyň wagşyçylygy hakynda-da durup geçen TRT-niň Baş müdiri; “Ysraýyl 7-nji oktýabrdan bäri Gazanyň halkyna garşy köpçülikleýin gyrgynçylyk edýär. Bäbek, çaga, zenan, hassa diýmän; hassahanalary, mukaddes ýerleri, mekdepleri, bosgun düşelgelerini ýumuryp, gumanitar jenaýat edýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Fahrettin Altun TRT Arap kanalynyň işgärlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär