Türkiye Nepala gynanç bildirdi

Türkiye Nepala gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ýer titremede köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi.

Beýanatda: "Dostlukly Nepalyň hökümetine we halkyna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi.

Nepalyň Milli Adatdan daşary ýagdaýlar operasiýa merkeziniň resmileri, güýç merkezi Nepalyň Jumla sebitiniň 42 km günortasynda bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremede 157 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Nepala gynanç bildirdi
Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
Diňle: Nepal protestleri türkmen ýaşlarynyň arasyndaky çekişmeleri güýçlendirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýer titremesine gynanç bildirdi