Türkiýe Özbegistana çagyryş berdi

Türkiýe Özbegistana çagyryş berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda başdan geçirilen wakalar bilen baglanşykly: "Özbegistanyň hökümediniň we halkynyň, wakalary sagdyn pikirlilik we parahatçylyk bilen, asudalyk gurşawynyň içinde çözjekdigine doly ynanýarys" diýip habar berildi.

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýa Respublikasynda başdan geçirilýän wakalaryň ýakyndan gözegçilik edilýändigi bellenip: "Umumy medeniýetimiz, taryhymyz bolan, strategik hyzmatdaşymyz, dostlukly we doganlyk Özbegistanyň asudalygyna we durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris" diýip mälim edildi.

Wakalarda ýogalan adamlara rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklary dilenen beýanatda: "Özbegistanyň hökümediniň we halkynyň, wakalary sagdyn pikirlilik we parahatçylyk bilen, asudalyk gurşawynyň içinde çözjekdigine doly ynanýarys" diýip habar berildi.

Özbegistanyň Konstitutsiýasynda Garagalpagystan Awtanomiýasynyň hukuk derejesi hakyndaky maddalara üýtgeşme girizilmegi baradaky teklibiň gün tertibe getirilmegi 1-nji iýulda protest ýörişleriniň başlamagyna sebäp boldy.

Başdan geçirlen wakalar sebäpli Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Nukus şäherine bardy we halk bilen duşuşdy.

Prezident Mirziýoýew duşuşykda Garagalpagystanyň hukuk derejesiniň üýtgemejekdigini belledi.

Özbegistanyň Baş Prokuraturasy bolsa wakalarda 18 adamyň ýogalandygyny, 243 adamyň ýaralanandygyny, 516 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygyny beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Aktiwist Jumasapar Dädebaýew Daşkentdäki SIZO ýerleşdirildi