Türkiýe Pakistanda nebit-gaz gözleg işlerini geçirer

Türkiýe Pakistanda nebit-gaz gözleg işlerini geçirer

Türkiýäniň Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Türkiýäniň gury ýerde we deňizde nebit-gaz gözleg işleriniň geçirilmegi boýunça Pakistan bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ministr Baýraktar çarşenbe güni beren beýannamasynda, öňümizdäki hepde şertnama meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin Pakistana gitjekdigini aýtdy.

Baýraktar “Lider Habere” beren beýannamasynda Pakistan bilen ilki burawlaýyş we deňiz giňişligi bilen arabaglanşykly şertnama baglaşarys. Gury ýerde we deňizde gözleg işlerini geçireris” diýdi.

“Daly Sabahyň” berýän habaryna görä, şertnama gol çekişlik dabarasynyň sişenbe güni geçirilmegine garaşylýar.

Pakistanyň hökümeti fewral aýynda Makran we İndus oazislerinde nebit gözleg işleriniň geçirilmegine rugsat berilmegi üçin tendr yglan edendiklerini habar beripdi.

Türkiýe bilen Pakistan aprel aýynda Pakistanda 40 aýry ýerde nebit-gaz gözleg işleriniň birlikde geçirilmegi boýunça teklip hödürlemek barada ylalaşyk gazanypdy.

Pakistanyň Mary Energies Limited, Oil and Gaz Deweloment Kompany Limited we Pakistanyň Petroleum Limited firmalary Türk nebit firmasy TPAO bilen birlikde deňiz tendrlerine gatnaşmak boýunça şertnama baglaşdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, iýul aýynda Yslamabada guran resmi saparynyň çäginde, türk firmalarynyň Pakistanda nebit-gaz gözleg işlerini geçirjekdigini aýdypdy.

Hakan Fidan saparynyň çäginde Pakistanyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Muhammed İshak Dar bilen birlikde metbugata beren beýannamasynda, Ankaranyň Yslamabat bilen ykdysadyýet we energetika pudagy boýunça edýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýändigini, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Rodriges bilen duşuşdy
Türkiýe Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin uly tagalla edýär
Türkiýe Eýran söweşi meselesinde Pakistan bilen gepleşik geçirer
Ýakyn Gündogarda dowam edýän söweş meselesi Pakistanda ara alnyp maslahatlaşylar
Fidan: Eýrana garşy bikanun hüjümler sebiti has uly urşa tarap iterýär