Türkiýe Ukrainany Goldaýar

Türkiýe Ukrainany Goldaýar

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nilolas Dendias Kiýewe guraýan resmi saparynyň çäginde ukrain kärdeşi Kuleba bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň gaçybatalgalardan birinde bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Kuleba, Türkiýäniň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşinde bitarap pozisiýada däldigini pikir edýändigini nygtap, “Türkiýäniň BMG-däki Ukraina bilen bagly kararlarda nähili ses berendigini görýäris. Türkiýe Ukraina platformasyny goldaýar” diýdi.

Türkiýäniň harby uğurda Ukraina bilen edýän hyzmatdaşlygyna kanagatlanma bildiren Kuleba, Türkiýäniň Russiýa bilen gatnaşklary we ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy üçin bolsa “Türkiýäniň deňagramly daşary syýasatyna düşünýäris. Bitarap däl. Biziň bilen, bizin üçin möhüm bolan belli uğurlarda hyzmatdaşlyk edýär. Russiýa bilen bolsa başga uğurlarda hyzmatdaşlyk edýar” diýdi.

Ukrain ministr Türkiýäniň ýurdy we özleri üçin “iňňän möhüm meselelerde” hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň hüjümleri sebäpli Ukrainada dokuz adam ýogaldy
Russiýa: Kiýew bilen resmi aragatnaşyk kanalymyz ýok
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri geçirildi
Kiýewde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi
Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy
Ukraina Russiýanyň nebit senagatyny nyşana almaga dowam edýär