Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça Türkmennebit bilen geleşik baglaşdy

Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça Türkmennebit bilen geleşik baglaşdy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 26-njy martdaky söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy.

Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden telekeçiler suwuklandyrylan gazy we BND 60/90 kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça Türkmengaz hem-de Türkmennebit döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 684 000 manatlyk we 315 200 dollarlyk 3 geleşik baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-däki geleşiklerde nebit ýol bitumyna uly isleg bildirildi
TDHÇMB: Daşary ýurtly işewürler suwuklandyrylan gaz, bitum satyn aldylar
TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: 135 million manatlyk nebithimiýa önümleri satyldy
Tbiliside Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşýan goşandy bellenildi
TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI B.NURALY ADYNDAKY ÇAGALAR ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE GEÇIRILEN SERGI DABARASY
B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi açyldy