Türkiýe ÝB-ne Reaksiýa Bildirdi

Türkiýe ÝB-ne Reaksiýa Bildirdi

Daşary işler ministrligi ÝB Komissiýasynyň 2023-nji ýylyň Giňelme strategiýasy bilen Türkiýäniň degişli bolmagyndaky ähli dalaşgär we potensial dalaşgär ýurtlar üçin taýýarlan habarnamasyndaky, esasanda syýasy kriteriýalar bilen Kazyýet hem-de başlangyç hukuklar bölümindäki esassyz garaýyşlary we ýerliksiz tankytlary dolulygyna ret edýändigi nygtalýar.

“Bir tarapdan dalaşgär ýurt bolan Türkiýe bilen daşary syýasat, sebitleýin wakalar, howpsuzlyk, goranyş we pudaklaýyn ugurlarda bar bolan ýokary derejeli dialog hem-de hyzmatdaşlyk mehanizmlerini bökdeýän bolsa, beýleki tarapdan bu möhüm ugurlarda ÝB-niň syýasatlaryna utgaşyklygymyzyň azalandygyny öňe sürmek, iň ýönekeý söz bilen “durnuksyzlykdyr” diýilýän beýannamada, Ysraýylyň Gaza Sektoruna garşy 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän hüjümlerine üns çekilip; “Orta Asyryň garaňkylygyndan 21-nji asyrda gaýtadan ýüze çykan asuda ilatyň gyrylmagynyň öňünde taryhyň ýalňyş tarapynda durýan ÝB-ne ähliumumy gymmatlyklara, halkara hukuga we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan syýasatlaryň diňe bir Ukrainanyň ýa-da Ýewropanyň haýsydyr bir ýeri üçin däl, eýsem Ýakyn Gündogar bilen bilelikde bütin dünýäde ýörgünli bolmalydygyny ýatladasymyz gelýär.

Tekstde tankydy bellik hökmünde beýan edilýän, ýurdumyzyň Hamas-Ysraýyl söweşi boýunça pozisiýasynyň Bileleşik bilen doly utgaşyksyzdygy hakyndaky kesgitlemäni bolsa öwgi hökmünde kabul edýäris” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Bankynyň Resmisi Türkiýä Hoşallygyny Bildirdi
Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi
ÝB, Gazada Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Alada Bildirýär
3 muzeý, 3 şäher
Türkmenistanda ýitirim bolan çagalar barada polisiýanyň habarlary IMO-da peýda boldy
DKTR-nyň Mejlisiniň Başlygy Ysraýylyň Gaza Hüjümlerine Reaksiýa Bildirdi