Türkiýedäki türkmen aktiwisti özüniň we çagalarynyň zor bilen watana ýollanmagyndan howatyrlanýar

Türkiýedäki türkmen aktiwisti özüniň we çagalarynyň zor bilen watana ýollanmagyndan howatyrlanýar

Türkmen häkimiýetleri özge pikirlileri we olaryň hossarlaryny aňtamagyny dowam edýärler. Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy (THF) Türkiýedäki 36 ýaşly aktiwist Zarina Ahtýamowanyň gürrüňini çap etdi.

Ol özüniň Türkmenistandaky hossarlaryna basyşlar, özüni hem çagalaryny zor bilen Türkmenistana alyp gitmäge synanyşýandyklary we ol ýerde tussag edilmek howpynyň abanýandygy barada gürrüň berýär.

Ahtýamowa dürli oppozisiýa toparlaryna işjeň gatnaşýar we türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan wideýolary sosial mediada goýýar.

Onuň sözlerine görä, muňa Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň işgärleriniň geleňsizligi iterýär. Ol köne pasportyny ýitirende, ilçihana täze pasport almaga kömekden ýüz öwüripdir. Ahtýamowa täze pasportsyz nikasyny resmileşdirip we iki sany kiçi ýaşly çagasyny ýazgy edip bilmeýär.

Aktiwistiň sesini sem etdirmek üçin onuň Türkmenistandaky ene-atasynyň we olar bilen ýaşaýan uly gyzynyň ýanyna jaý müdirýetiniň, polisiýanyň we DIM-niň wekilleri barypdyrlar. Olar hamana, Zarinanyň terror toparyna girendigini aýdypdyrlar we onuň işlerini duruzmagy talap edipdirler.

Ahtýamowa Türkmenistanda iş tapmansoň, 2006-njy ýylda ýurdy terk edendigi, ol ýerde ilkinji nikasyndan gyzynyň galandygy, 2010-njy ýylda musulman däp-dessury boýunça Türkiýede durmuşa çykandygy, 2010-njy ýylda täze pasport bermekleri üçin ilçihana ýüz tutandygy, emma, ilçihana bu işler bilen meşgullanmaýandyklaryny, munuň üçin watana gitmelidigini aýdandyklary, netijede, Türkiýede bikanun galandygy barada gürrüň berýär.

Onuň gürrüňleriniň rusça doly mazmuny bilen THF-niň saýtyndan tanyşmak mümkin.The post Türkiýedäki türkmen aktiwisti özüniň we çagalarynyň zor bilen watana ýollanmagyndan howatyrlanýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi
Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär
THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Diňle: THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Stambulda türkmen aktiwisti Nurberdi Bazarow tussag edildi