Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklatmak meselesi agyrlaşdy

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklatmak meselesi agyrlaşdy

Türkiýede iş maksady bilen bolýan türkmen raýatlaryna ýaşaýyş rugsadyny almak üçin talap edilýän kagyzlary toplamak işi kynlaşdy. Wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny sorap migrasiýa gullugyna ýüz tutýan daşary ýurtlular indi ýaşaýan ýerini tassyklamak üçin kommunal töleglerini töleýändigini görkezmeli bolýarlar. Bu aralykda, Türkiýäniň Migrasiýa gullugy galplygy aradan aýyrmak üçin türkmen raýatlarynyň resminamalaryny has jikme-jik barlaýar.

Migrantlaryň köpüsi elektrik, gaz we suw üçin töleg kwitansiýalaryny edinmekde kynçylyk çekýär, sebäbi kagyz ýüzünde bellige alnan ýerinde hakykatda ýaşamaýar. Bu aralykda, bu kagyzlary tölegli taýýarlamakda ozal kömek eden araçylaryň köpüsi indi kömek bermekden ýüz öwürýärler. Olar müşderilerine bu meseläni özbaşdak çözmegi we taýyn kwitansiýa bilen gelmegi soraýarlar we diňe şonda galan beýleki resminamalary taýýarlap bermäge razy bolýarlar.

Ýaşaýyş rugsady daşary ýurt raýatynyň Türkiýede kanun esasda ýaşamagy üçin gerek bolýar. Bu rugsadyň möhleti migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenýär we adatça 6 aýdan 1 ýyla çenli bolýar. Migrantlaryň ençemesi her gezek resminamalary ýygnamak, şol sanda ýaşaýan ýerini tassyklamak üçin araçylaryň hyzmatyna bil baglaýar.

Käbir araçylar henizem kömek bermegini dowam etdirýärler.

Stambuldaky agentlikleriniň biriniň işgäri, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, daşary ýurtlynyň ýaşaýan ýerini tassyklamak üçin alnyp barylýan işleriň käbir jikme-jiklikleri barada gürrüň berdi.Onuň sözlerine görä, araçylar bir daşary ýurtlyny öz öýünde bellige almaga, soň bolsa kommunal hyzmatlary üçin tölegleri onuň adyna ýazdyrmaga razy bolan birnäçe ýerli maşgalany tapýarlar.

Soň bolsa, bu işleriň hemmesi soň indiki müşderi üçin gaýtadan edilýär.Hyzmatyň bahasy 3000 lira, ýagny resmi kurs boýunça 158,94 dollardan ybarat.Bu baha bir ýyllyk lukmançylyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny hem öz içine alýar.

"Bir daşary ýurtly ýaşamak üçin rugsatnama alansoň, birnäçe wagt garaşýarlar (iki aý) we şondan soň şol adres başga bir adam üçin ulanylýar. Töleg kwitansiýasy öňki daşary ýurtlynyň adyndan aýrylýar we täze adamyň adyna gaýtadan düzülýär" - diýip, araçy gürrüň berdi.

Bu aralykda, türk häkimiýetleri indi türkmen raýatlarynyň ýüzlenmelerini has içgin öwrenýärler. Suw edarasynyň işgärleri, töleg kwitansiýalarynyň näme üçin ýygy-ýygydan şol bir adresde dürli adamlaryň atlaryna düzülýändigi bilen gyzyklanýar, migrasiýa gullugynyň işgärleri bolsa, türkmen raýatlary resminama tabşyranda söhbetdeşlik wagtynda jikme-jik soraglary berýärler.

"Görkezilen adresde ýene kimiň bellige alnandygyny, ýaşaýandygyny, bu adamlaryň atlaryny, näme bilen meşgullanýandygyny jikme-jik soraýarlar. Şeýle hem, adamyň bellige alnan ýerinden migrasiýa gullugyna nädip gelendigini, ýagny onuň haýsy ulagy ulanandygyny we gelen ýoluna degişli ähli jikme-jikleri soraýarlar, adamyň hasaba alnan we ýaşaýan ýerini näderejede gowy bilýändigini anyklajak bolýarlar"- diýip Stambulda ýaşaýan türkmen raýaty gürrüň berdi.

Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadynyň möhleti tapawutlanýar. Araçylaryň sözlerine görä, resminamanyň möhletiniň haýsy esasda uzaldylandygy belli däl. Bir meňzeş resminama bukjasyny getiren bir maşgalanyň agzalaryna berlen ýaşaýyş rugsadynyň möhleti dürli bolup bilýär. Soňky döwürde türkmenistanlylara köplenç bir ýyllyk möhlet bilen berilýär, käwagt rugsadyň möhleti alty aýdan geçmeýär.

"Olaryň ölçegleri anyk däl, kime bir ýyl berilýär, kime diňe alty aý. Lukmançylyk ätiýaçlandyryşyň we beýleki zerur resminamalaryň bir ýyl möhletli bolmagyna garamazdan, ýaşaýyş rugsadynyň möhleti Migrasiýa gullugynyň işgäriniň garamagy boýunça kesgitlenýär. Mysal üçin, bir maşgala agzasyna bir ýyl ýaşaýyş rugsady berlen bolsa, galanlaryna bary-ýogy ýarym ýyllyk berilýär "- diýip araçy hyzmatlary hödürleýän edaranyň wekili belledi.

Migrasiýa gullugynyň, zerur resminamalaryň hemmesiniň bardygyna garamazdan, türkmen raýatlaryna ýaşaýyş ygtyýarnamasyny bermekden ýüz öwürýän halatlary hem bolýar. Olar köplenç düşündiriş bermeýärler. Ýaşaýyş rugsadyny alyp bilmedik türkmen raýatlary bikanun ýagdaýa düşýär.

Türk Migrasiýa Gullugynyň iň soňky maglumatlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 222 090 raýaty kanuny esasda ýaşaýar we Türkiýedäki daşary ýurtlularyň sany boýunça üçünji orunda durýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň sany resmi statistikadan birnäçe esse köp.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Polşa Migrant Krizisi Sebäpli Russiýany Günäkärleýär
Polşa-Belarus Serhinde 4 Migrant Doňdy
Türkmenistanlylar ýurtdan çykmak üçin resminama almakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar
Migrant maşgalalary 'gidenleriň getirilmegini ýa özleriniň goýberilmegini' soraýar