Türkiýede 'professor' ylmy adyny alan etniki türkmen 'ylym ýolunyň' sepgitleri barada gürrüň berýär

Türkiýede 'professor' ylmy adyny alan etniki türkmen 'ylym ýolunyň' sepgitleri barada gürrüň berýär

Dünýä Türkmenleri programmamyz wagtal-wagtal daşary ýurtlarda kemala gelen täze türkmen diasporasynyň wekilleriniň gazanýan döredijilik üstünlikleri barada seýrek hem bolsa habar berýär.

Türkmen diasporasynyň ylym-bilim pudagynda işjeň agzalarynyň birisi, asly Türkmensähra türkmenlerinden bolan Abdyrahman Düýeji ýaňy-ýakynda akademik giňişlikde möhüm bir sepgit aşdy.

Häzirki wagtda Türkiýäniň Trakýa uniwersitetinde işleýän Düýeji professor’ ylmy adyna mynasyp görüldi.

Sungat taryhyny öwreniş ylymlarynyň doktory bolan asly türkmensähraly alym 1993-nji ýylda Eýranyň Tähran uniwersitetinde sahna sungatlary hünär ugry boýunça bakalawr derejesini aldy.

Ol 1998-nji ýylda Eýranyň Tähran Azad uniwersitetinden sungaty öwreniş hünär ugry boýunça magistr derejesini alyp, 2007-nji ýylda Türkiýäniň Stambul uniwersitetinde Ph.D, ýagny ylymlaryň doktory’ ylmy derejesini gazandy.

Trakýa uniwersitetinde sungaty öwreniş ylymlary boýunça talyplara sapak berip başlan asly türkmensähraly ylym işgäri 2018-nji ýylda dosent’ ylmy adyna eýe boldy, ýaňy-ýakynda bolsa professor’ ylmy adyna mynasyp boldy.

Şol bir wagtda, ol Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň hukuklaryny goramak ugrunda tagallalara goşuldy, 2000-nji ýyllarda Türkmensährada pars we türkmen dilli “Sähra” gazetini çap etdi. Ýatlasak, bäş ýyl çemesi ozal biz Eýranda bu gazetiň ygtyýarnamasynyň ýatyrylmagy barada habar berip, ýörite gepleşik taýýarlapdyk.

Biz bu gepleşikde ýaňy-ýakynda Türkiýäniň Trakýa uniwersitetinde professor ylmy adyna alan Abdyrahman Düýeji bilen gürrüňdeş bolup, onuň türkmen ýaşlaryna berjek maslahatlaryny, ylym-bilim pudagynda, durmuşda we döredijilikde geçen ýoly, aşan sepgitleri ýazan ylmy makalalary barada gürrüň edýäris.

Ýene degişli makalalar

Abdyrahman Düýeji: Türkmensähra asyrlarboýy türkmenleriň mekan tutan taryhy mesgeni boldy
Türkmensähra bilen arada serhet çekip, türkmen ilatyny 'emeli diwar bilen böldüler'
DT: Türkmensähra asyrlarboýy türkmenleriň mekan tutan taryhy mesgeni boldy - Abdyrahman Düýeji
Eýran türkmenleri özleriniň öri meýdanlarynyň ellerinden alynýandygyny aýdýar
Türkmensährada bolan çaknyşyk eýran türkmenleriniň halyndan habar berýär
Berdimuhamedowyň Tähran saparynyň fonunda, eýran türkmenleri özlerine arka çykylmaýandygyny aýdýar