Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldy

Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldy

Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldy. Bu barada tussag edilen aktiwistleri boşatmak işini alyp barýan DWT hereketiniň lideri Myrat Gurbanow habar berdi. Stambuldaky deportasiýa merkezinden boşadylan Kamil Abulow 18-22-nji oktýabr aralygynda Türkiýede tussag edilen üç aktiwistden biri.

35 ýaşly Kamil Abulowyň Stambulyň deportasiýa merkezinden boşadylandygyny DWT hereketiniň lideri Myrat Gurbanow 27-nji oktýabrda agşam habar berdi.

Gurbanowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkiýäniň güýç edaralary Kamilowyň tussag astynda saklanmagyna kanun taýdan esas tapmansoň ony boşadypdyr:

- Onuň esasy dokumentleri düzüwdi.Emma onuň kämilligi [oturym rugsady] noýabryň 21-ne gutarýardy.Emma onuň başda tutdular we iki-üç günden geçensoň bahana tapman, ony saklamak üçin deporatsion lagere saljak bolup, onuň dokumentlerini ret etdiler.

Adwokatymyz iş açdy, kazyýet işinde biz düşündirdik, ol tussag edilen wagty dokumentleri düzüwdi.Siz saklap-saklap ony ret etdiňiz we şonuň esasynda ony saklamaga hakyňyz ýok.Işler gidip dur.

Abulowyň tussag edilmegine degişli mälim bolan maglumatlara görä, 18-nji oktýabrda gijöýlän sagat 5 töwereklerinde polisiýa ony Stambulyň Çekmeköý etrabynda ýerleşýän kwartirasyndan alyp gidipdir. Polisiýa işgärleriniň tussagyň aýalyna aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň konsulhanasy türk häkimiýetlerinden 28 adamyň tussag edilmegini sorapdyr.

Mundan öň Abulow 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde türkmen aktiwistleri tarapyndan synanyşyk edilen protest aksiýasynda türk polisiýasy tarapyndan wagtlaýyn tussag edildi we biraz salym soň boşadyldy.

Kamil Abulow bilen birlikde 18-22-nji oktýabr aralygynda türk häkimiýetleri ýene iki türkmen aktiwistini Ahmet Rahmanowy we Baýram Allalyýewi sakladylar we Stambuldaky deportasiýa merkezine ýerleşdirdiler.

Ähmet Rahmanow tussagykda ençeme günläp açlyk yglan edensoň 26-njy oktýabrda azatlyga goýberdi.

Şol üç aktiwistden ýene biri Baýram Allalyýew deportasiýa merkezinde galýar. Baýram Allaliýewiň Stambulda tussag edilendigi 22-nji oktýabrda belli bolupdy. Aktiwistiň hemişelik ýaşamak rugsatnamasyny almak üçin migrasiýa gullugyna çagyrylandygy we onuň resminamalary doldurýarka polisiýanyň gelip, ony tussag edendigi habar berildi.

Myrat Gurbanow onuň hem tiz wagtda boşadylmagyna ynam bildirýär:

- Iki-üç günden olam çykar. Sebäbi onuň saklanmagy üçin uly bir esas ýok. Onuň kämilligi [oturym rugsady] pasportyna bagly. Onuň pasporty çalyşylmansoň, şol kämilligi alyp bolanok. Pasportyň uzaldylmanlygynyň, çalyşylmanlygyna sebäp - Türkmenistanyň konsullygy öz işini ýerine ýetirenok.

Adam hukuklaryny goraýjy HRW Türkiýäniň hökümetini üç türkmen aktiwistini zor bilen Türkmenistana ugratmazlyga, olary aklawçy bilen üpjün etmäge, şeýle-de tussaglykdan boşadyp, Türkiýede kanuny taýdan galmaklaryna rugsadyň berilmegine çagyrypdy. Gurama Rahmanow boşadylandan soň, türk resmilerinden tussaglykdaky beýleki iki türkmen aktiwistini hem dessine azat etmäge çagyrdy.

Gurama türkmen raýatlarynyň öz ýurduna deportasiýa edilmek howpunyň bardygyny duýdurdy we olara gynamalara sezewar edilmek howpunyň abanýandygyny aýdypdy.

“Türk hökümeti tussaglykdaky iki türkmen aktiwistini Türkmenistana deportasiýa etmek planlaryndan el çekmelidir. Aktiwistleriň Türkmenistanda sudsuz tussag edilmek we gynamalara duçar bolmak howpy bar” diýip, Human Rights Watch guramasy 27-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda nygtady.

Oktýabryň başynda düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" türk häkimiýetlerinde Türkiýede ýaşaýan 25 türkmen aktiwistiniň sanawynyň bardygyny habar beripdi.

Adam hukuklaryny goraýjy topar bu sanawa girizilen adamlaryň Türkmen hökümetiniň tabşyrygy esasynda saklanmak ýa-da deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boljagyny belläpdi. Abulowyň, hem-de Allalyýewiň atlary bu sanawda bar.

Soňky aýlarda Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine garşy tutha-tutluklar we edilýän hüjümler ýygjamlaşdy, şeýle-de olaryň Türkmenistandaky ýakynlaryna hem basyşlar güýçlendi.

11-nji oktýabrda türkmen aktiwistleri Nurmuhammet Annaýew, Aziz Mammedow hem-de ýene bir adam "Oguzlaryň bilim we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk jemgyýeti” guramasynyň Stambuldaky edarasynyň öňünde näbelli adamlar tarapyndan ýenjildi.

Bu aralykda, 20-nji oktýabrda türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowanyň Stambuldaky Migrasiýa edarasyna täzeden çagyrylandygy mälim boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Stambulda türkmen aktiwisti Nurberdi Bazarow tussag edildi
Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär
HRW türkmen aktiwistleriniň deportasiýasyny togtatmagy talap edip,Türkiýäniň hökümetine ýüzlendi
Stambuldaky şowsuz protestden soňra 10 sany türkmen raýatyny tutdylar
Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Türkmen aktiwistleri Ukrainadaky ildeşleriniň 'iki oduň arasynda', goragsyz galandygyny aýdýarlar