
13-nji maýdan 14-nji maýa geçilýän gije “Türkmenistan howaýollarynyň” Boýing-777 uçary Stambuldan uçup, türkmen raýatlaryny watanyna alyp gitdi. Konsulhananyň işgärleri sanawa goşulan türkmen raýatlaryna uçaryň Türkmenabada gonjakdygyny SMS-habar arkaly duýdurdylar. Emma, uçar Türkmenbaşa gondy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Türkiýeden baranlaryň pasportlaryny aldylar we awtobusda karantin zolagyna alyp gitdiler.Olar 14 günläp zolagda galarlar.Adamlar ol ýerdäki şertlerden närza.Olaryň bellemeklerine görä, karantin zolagyna baranlaryndan yzysüre zenanlar hajathanasyna uly nobat döredi. Ýörite uçaryň ýany bilen giden türkmen diplomaty aýal-gyzlar barasynda täze kadalar babatda gürrüň berip, kosmetika daşamazlygy, ýarym-ýalaňaç, özüne çekiji egin-eşik geýmezligi maslahat berdi.
Gysga etek, jinsi we t-şort geýen aýal-gyzlar hajathanada eşiklerini milli, uzyn köýnekler bilen çalyşdylar hem kosmetikasyny ýuwdylar.
Karantindäki başga bir mesele-olara berilmeýän iýmit. Ýörite şirketlerden öz hasabyňa nahar sargamak mümkin. Iýip-içgä çäklendirme ýok, isledigiňçe sargasa bolýar, hatda, spirtli içgi hem.
Suw turbalaryndan akýan suw aşa hlorly we içmäge däl-de, diňe egin-eşik ýuwmaga, ýuwunmaga laýyk. Agyz suwuny hem sargamak zerur.
Käbirleri pul tygşytlamak üçin özlerine zerur azyk önümlerini getirip bermekleri barada saglyk işgärleri bilen ylalaşýarlar.
Şonuň ýalyda, karantinde saklanýanlara Türkmenbaşydan Türkmenabada diňe uçarda gidip biljekdikleri yglan edildi. Sebitleriň arasynda hereket edýän başga ulag gatnawy ýok.
Aprel aýyndan Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş görnüşine we ahlak häsiýetine yglan edilmedik gözegçiligi güýçlendirdiler.
Olara botoks, dyrnaklaryny ösdürmek, gaşlaryny boýamak we taksiçiniň ýa hususy ulagyň sürüjisiniň ýanynda oturmak gadagan edildi.The post Türkiýeden gelen karantin zolagyndaky aýal-gyzlara dar egin-eşik geýmezlik maslahat berilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.