Türkiýeden Ukrainadaky türk raýatlaryna bildiriş

Türkiýeden Ukrainadaky türk raýatlaryna bildiriş

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ukrainanyň howa giňişliginiň häzirki wagtda hem ýapykdygy ýatladylyp, türk raýatlaryna häzirki ýagdaýda öýlerinde ýa-da howpsyz bir ýerde galmaklary we syýahat etmekden saklanmaklary barada maslahat berildi.

Beýanatda Ukrainadan çykmak isleýän türk raýatlary üçin gerek bolan goldawyň we ugrukdyrmanyň beriljekdigi aýan edildi.

Daşary işler ministrligi bilen habarlaşmak isleýän türk raýatlaryň şu aşakdaky nomerlere jaň edip biljekdikleri beýan edildi:

Daşary işler ministrliginiň konsullyk çagyryş merkezi +903122922929.

Kiýew, Çernigow, Çerkassy, Hmelniskiý, Harkow, Ternopol, Sumy, Rowno, Poltawa, Lwow, Lugansk, Žitomir, Dnepropetrowsk we Wolyn şäherlerinde ýaşaýan türk raýatlar üçin Türkiýäniň Kiýew şäherindäki ilçihanasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar üçin telefon liniýalary: +380632114765, +380632557748, +380935394612.

Odessa, Nikolaýew, Kriwograd, Kropiwniskiý, Iwano-Frankowsk, Çernowsy, Herson, Zaparožýe, Užgorod, Donetsk, Winissa şäherlerinde ýaşaýan türk raýatlar üçin Türkiýäniň Odessa şäherindäki Baş konsullygyň Adatdan daşary ýagdaýlar üçin telefon liniýalary: +380937110024, +380937110026.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Bilim forumyna daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berýärler
Halydaky Lenin
Türkmenistan: Daşary ýurt diplomyny ykrar etdirenler işe ýerleşmekde kynçylyk çekýär
Mewlüt Çawuşogly ýene-de 172 raýatyň Ukrainadan ewakuasiýa edilendigini habar berdi