Türkiýeli kino artistleri Gadymy Merwiň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp gördüler

Türkiýeli kino artistleri Gadymy Merwiň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp gördüler

Şu gün türk kinorežissýory Mehmet Bozdag we Türkiýe Respublikasyndan gelen beýleki kino ussatlary Mary welaýatynda ýerleşýän Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp, ol ýerdäki taryhy ýadygärlikler bilen tanyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, myhmanlara bu ýerdäki Uly gyzlar gala we Kiçi gyzlar gala barada maglumatlar berildi.

Sonra myhmanlar gadymyýetde bu ýerde emele gelen ýaşaýyş şertleri bilen tanyşdylar we sardobalara baryp gördüler. Gadymy Merw beýik şahsyýetleriň ýaşap geçen topraklary hasaplanýar. Myhmanlar Hoja Ýusup Hemedanynyň, şeýle hem sahabeleriň guburlaryna zyýarat etdiler.

Gezelenç Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň öňünde guralan sergä aýlanmak bilen dowam etdi. Bu ýerde guralan sergide myhmanlar türkmen milli tagamlary we olaryň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda pişme, tamdyrlama, palaw ýaly tagamlar bar. Esasanam, çöl şertlerine laýyklykda ýörite gurnalan ýerde, myhmanlar gömme işlekliniň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Bu tagamdan dadyp gören myhmanlar oňa ýokary baha berdiler.

Sergi myhmanlary türkmen milli senetçilik önümleri we olary ýasalyşy bilen tanyşdyrmak bilen dowam etdi. Türk artistleri bu ýerde türkmen milli erkek lybaslary bilen tanyşdylar. Dutar saz guraly myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Bu ýerde türkmen we türk heňlerini ýerine ýetirip gördüler. Sergidäki türkmen gelin-gyzlaryň taýýarlan haly önümleri we olaryň şaý-sepleri myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Türk kino ussatlary özleriniň taryhy filmlerini düşürenlerinde türkmen milli gymmatlyklaryndan peýdalanýandyklaryny we geljekde muny has giňeltjekdiklerini bellediler.

Soňra myhmanlar Soltan Sanjar mawzoleýi we onuň döreýiş taryhy bilen tanyşdylar.

Türkiýeli kino artistleri Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeyine hem bardylar.Bu ýerde olara Türkmenistanyň taryhy barada maglumatlar berildi.Hususan-da, dürli ýyllarda gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde türkmen topragynda tapylan gymmatly tapyndylar barada gürrüň berildi.

Suratkeşleriň türkmen taryhy şahsyýetleri bilen baglanyşykly döreden eserleri myhmanlaryň ünsüni çekdi.Gadymyýetde türkmen halkynyň gündelik yaşaýyş şertlerini, däp-dessurlaryny beýan edýän eksponatlar aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýeli kino ussatlary Mary welaýatynda gezelenç etdiler
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar
“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar
Türkiýe Bilen Kuba Salgyt Gaçgakçylygyna Garşy Şertnama Baglaşdy
Şahbaz Şarif Türkiýe Bilen Söwda Gatnaşyklarynyň Ösdürişmegi Üçin Çagyryş Etdi
12-nji Mart Döwlet Senasynyň Kabul Edilen Güni