Türkiýeli kino ussatlary Mary welaýatynda gezelenç etdiler

Türkiýeli kino ussatlary Mary welaýatynda gezelenç etdiler

Şu gün Türkiýe Respublikasyndan Arkadag şäherinde geçirilen Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwala gatnaşmaga gelen kino ussatlary Mary welaýatynda ýerleşýän Gadymy Merw medeni we taryhy goraghanasyna bardylar. Bu barada Halkara habarlar merkezi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine habar berdi. Myhmanlara bu ýerdäki Uly gyzlar gala we Kiçi gyzlar gala barada maglumatlar berildi.

Soňra myhmanlar gadymyýetde bu ýerde emele gelen ýaşaýyş şertler bilen tanyşdylar we sardobalara baryp gördüler. Gadymy Merw beýik şahsyýetleriň ýaşap geçen topraklary hasaplanýar. Myhmanlar Hoja Ýusup Hemedanynyň, şeýle hem sahabalaryň guburlaryna zyýarat etdiler.

Gezelenç Soltan Sanjaryň mowzaleýiniň öňünde gurnalan sergi bilen dowam etdi. Bu ýerde gurnalan sergide myhmanlar türkmen milli tagamlary we olaryň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda pişme, tamdyrlama, palaw ýaly tagamlar bar. Esasanam, çöl şertlerine laýyklykda ýörite gurnalan ýerde, myhmanlar gömme işlekliniň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Bu tagamdan dadyp gören myhmanlar, oňa ýokary baha berdiler.

Sergi myhmanlary türkmen milli senetçilik önümleri we olary ýasalyşy bilen tanyşdyrmak bilen dowam etdi. Bu ýerde türkmen milli erkek lybaslary bilen tanyşdylar. Dutar saz guraly myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu ýerde türkmen we türk heňlerini ýerine ýetirip gördüler. Sergidäki türkmen gelin-gyzlaryň taýýarlan haly önümleri we olaryň şaý-sepleri myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Türk kino ussatlary özleriniň taryhy filmleriniň düşürilişinde türkmen milli gymmatlyklaryndan peýdalanýandyklary we indiki çekimlerinde ony hasam giňeltjekdiklerini bellediler. Soňra myhmanlar Soltan Sanjar mowzaleýi we onuň döreýiş taryhy bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar
Türkiýeli kino artistleri Gadymy Merwiň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp gördüler
Kitap jadyly dünýä
Ýaponiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary
Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde kärendesine alyp bolýar