Türkmen adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanly migrantlaryň hukuklarynyň bozulýandygy barada türk kärdeşlerine gürrüň berdiler

Türkmen adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanly migrantlaryň hukuklarynyň bozulýandygy barada türk kärdeşlerine gürrüň berdiler

1-nji aprelde Stambulda 2021-nji ýylda döredilen “Hak-hukuga daýanç” (HHD) toparynyň “Türkmenistan.Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy” atly synynyň hödürlenişi boldy.

Bu barada ynsan hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” habar berýär.

“Adalat üçin halkara platformadan” Adem Çalyk Türkmenistanyň dünýäde iň diýdimzor we üzňelikdäki ýurtdygyny ýygnananlara ýatlatdy.Köp adamlar garyp güzeranda ýaşaýarlar, hukuk, sosial we beýleki meseleler öňkileri ýaly entegem çözülmän galýar.Müňlerçe raýatlar iş gözleginde daşary ýurtlara şol sanda, Türkiýä rowana boldylar. Ýurtda özge pikirliler gazaply sem edilýärler, garaşsyz syýasy we jemgyýetçilik guramalary gadagan, söz azatlygy ýok.

HHD toparynyň aktiwisti Dürsoltan Taganowa Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň gödek bozulýandygy, söz, ýygnak azatlyklarynyň gödek bozulýandygy, demokratik saýlawlarynyň ýokdygyny belledi. Şeýlede ol häkimiýetleriň ýurtda koranawirusy ykrar etmeýändiklerini ýazgardy.

Aklawjy Ömer Ýüzgül türkmenleriň ezilmeginiň ünsden düşürilmeli däldigini we olaryň hukuklarynyň bes edilmelidigini belledi.

Bu duşuşyk Türkiýeli we Türkmenistanly aktiwistleriň, adam hukuklaryny goraýjylaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky ädimleriniň biri bolup durýar. Çykyş edenleriň käbiri 12-nji martdaky prezident saýlawlaryndan soňra resmi Aşgabadyň tutumynyň üýtgemeginiň mümkindigine umyt edýär diýip THF ýazýar.The post Türkmen adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanly migrantlaryň hukuklarynyň bozulýandygy barada türk kärdeşlerine gürrüň berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkmenistanyň adam hukuklary problemasy baradaky syn Stambulda köpçülige hödürlendi
06.12.2017 | Türkmenistan raýat awiasiýasynyň logistiki kuwwatyny ýokarlandyrýar