Türkmen aktiwistleri Stokgolmda toplanyp, “Türkmenistandaky diktatura ýok” diýdiler

Türkmen aktiwistleri Stokgolmda toplanyp, “Türkmenistandaky diktatura ýok” diýdiler

27-nji oktýabrda, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ir sagat 10-dan 12 çenli aralykda, türkmen aktiwistleriniň gurnamagynda, Türkmenistanyň 27-nji oktýabrda yglan edilen Garaşsyzlyk güni we türkmen döwletiniň 95 ýyllygy mynasybetli miting geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryndan soň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda, taryhy fakty ýoýmak bilen, bir aý öňe süýşürildi.Türkmen parlamentiniň ozalky deputaty Halmyrat Söýünow mitingden soň Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde bu çärä çagalar bilen jemi 14 töweregi adamyň gatnaşandygyny, özleriniň “27-nji oktýabr Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni!”, “Türkmenistanda diktatura ýok diýmeli!”, “Gurbanguly Berdimuhamedow, güm bol!” diýen şygarlara gygyryp, Türkmenistandaky diktaturany berk ýazgarandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlygyň Halmyrat Söýünow bilen geçiren söhbetdeşligini diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly ýene bir aktiwiste Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
Azatlyk radiosy 65 ýaşady
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Berdimuhamedow iki palataly parlament ulgamyna geçmegi teklip edýär, synçylar muny “nobatdaky gözboýagçylyk” atlandyrýar