Türkmen alymlary Derweze kraterini ýapmagyň usulyny işläp düzdüler

Türkmengaz döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň alymlary indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýän Derweze kraterinde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu barada bu institutyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri atly Halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Maslahatda eden çykyşynda B.Pirnyýazow Aşgabatdan 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän Derweze krateriniň döreýiş taryhyny ýatladyp geçdi.

Bellenilişi ýaly, 1963-nji ýylda Merkezi Garagum ýataklar toparynyň Çaljülbe gurluşynda gözleg skwažinasyny burawlap başlaýarlar, ýöne ilkinji sapar uly bolmadyk çuňlukda üstüne topragyň ýokarky gatlaklary çöken gazdan dolup duran boşluk tapylýar. Diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre deň bolan boşlyk emele gelýär.

Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin bu krateri otlaýarlar. “Gaz birnäçe günüň dowamynda ýanyp gutarar ýa-da bu gatlak, beýleki 5-7 kilometr uzaklykdaky suw bilen palçykdan dolup duran desgalarda bolşy ýaly, suwa dolar” diýlip çak edilýärdi.

Emma, garaşylýan ýagdaý ýüze çykmady.Elbetde, krateriň ýagdaýyny öwrenmek boýunça çäreler görüldi, ýumrulan gözleg skwažinasyny tapmaga synanyşyklar edildi.Munuň üçin hünärmenler krateriň düýbüne indiler.Eger, guýynyň sütüniniň sementlenen bölegi saklanyp galan bolsa, maýyşgak turbaly armaturlary oturtmak boýunça çäreler görülmelidi. Şonda gazy çykarmak prosesini dolandyryp bolardy. Ýöne welin, gazyň 20 metr radius aralykda dürli ýerlerden çykýandygy anyklanyldy we gözleg guýusynyň galyndylary hem tapylmady.

Mundan başga-da, bu çäkde ýerleşýän önümçilik guýularynyň işiniň netijelerine görä, gatlaklaryň arasynda gazyň kesimler boýunça akymy tassyklandy. Merkezi Garagumuň demirgazyk tarapynda 16 sany ýatakdan ybarat toparyň üsti açyldy. Häzirki wagtda olaryň sekizisinde 39 sany guýy işledilýär.

Bu ýataklar toplumynyň aýratynlygy inçe ejiz gatlaklaryň suwly we dykyz gatlaklar bilen aralaşmagyndadyr. Gatlaklaryň we ýataklaryň özara täsirlenmä eýedigi mälim boldy. Gözleg guýusy burawlananda, ýüze çykýan az gorly ýataklaryň krateriň uzak wagtlap ýanmagyna sebäp bolýandygy hem muňa mysaldyr.

Şunuň bilen baglylykda, biz Çaljülbe gaz käninde baha beriş guýusyny burawlamagy teklip etdik. Uly gaz gorlary bolan gatlakdan gazyň zarply çykarylmagy onuň süzüliş akymyny öwürmäge we kratere gözegçiliksiz akymyny azaltmaga mümkinçilik berer. Gazyň kratere gelýän akymynyň bady gowşadylandan soň, ony izolirlemek, ýagny üstüni doly ýapmak mümkin bolar.

Şeýle çözgüdiň hasabyna atmosfera düşýän gazyň gözegçiliksiz zyňyndylary doly ýok ediler – diýip www.oilgas.gov.tm saýytynda habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Jähennem gapysy diýip atlandyrylýan Derweze gaz krateri ýapylar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ NUSGASY
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze ýolbaşçy belledi