Türkmen alymlary öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça çäreleri işläp taýýarladylar

Türkmen alymlary öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça çäreleri işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri ýurduň öri meýdanlaryny dikeltmäge hem-de olaryň durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarladylar. Bu başlangyç ýerleriň zaýalanmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäginde durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berýär.

Alymlaryň bellemegine görä, dowardarçylygyň we düýedarçylygyň ösdürilmegi iýmlik binýadynyň ýagdaýy bilen göni baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary hökmünde fitomeliorasiýa, çöl ösümlikleriniň emeli ýol bilen ekilmegi hem-de, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň täsir zolagynda, sazak tokaýlarynyň giňeldilmegi kesgitlenildi.

Suw serişdelerinden rejeli ulanmak, guýularyň, kärizleriň we sardobalaryň dikeldilmegi uzakda ýerleşýän öri meýdanlarynyň hojalyk dolanyşygyna çekilmegine mümkinçilik berýär. Iýmlik mümkinçiliklerini takyk hasaplamak we mal bakyşyny meýilleşdirmek maksady bilen GIS-tehnologiýalar we hemra arkaly gözegçilik ulgamlary ulanylýar.

Hünärmenleriň pikirine görä, bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi ot-iým binýadynyň pugtalandyrylmagyna, mallaryň baş sanyny artdyrylmagyna hem-de howanyň üýtgemegi şertlerinde ekologik abadançylygy üpjün etmege amatly şertleri döreder .

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Hytaý çöl öwrenişi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
Hytaýly alymlar adamyň garrap başlaýan anyk ýaşyny mälim etdiler
Günorta Uelsde iň uly gadymy Rim willasynyň galyndylary tapyldy
Kitap okamak endigi bilen ömür dowamlylygynyň arasyndaky baglanyşyk ýüze çykaryldy
Türkmenistanda 20262030-njy ýyllar üçin täze Milli tokaý maksatnamasy taýýarlanyldy
Lebapda we Daşoguzda suw ýetmezçiligi ýitileşýär. Muňa näme sebäp bolýar?