Günorta Uelsde iň uly gadymy Rim willasynyň galyndylary tapyldy

Günorta Uelsde iň uly gadymy Rim willasynyň galyndylary tapyldy

Suonsi uniwersitetiniň arheologlary Port-Tolbotyň (Uels) golaýyndaky Margam seýilgähiniň çäginde Gadymy Rim döwrüne degişli äpet willanyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu tapyndy üýtgeşikdir, sebäbi ol öz gerimi boýunça sebitdäki mälim bolan ähli taryhy ýadygärliklerden has uly bolup çykdy.

Asyrlarboýy sugun goraghanasy bolan, häzirki wagtda bolsa şäherlileriň we syýahatçylaryň iň gelim-gidimli seýilgähi hasaplanýan Margamdaky barlaglar, ýerli häkimiýetleriň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda sebitiň taryhy mirasyny öwrenmek taslamasynyň çäginde geçirildi. Ýerasty barlaglar georadar arkaly alnyp barlyp, meýdançalaryň birinde, 1 metrden hem az çuňlukda köp sanly gadymy binalaryň yzlary tapyldy. Alnan maglumatlaryň esasynda alymlar gadymy rim mülküniň çyzgysyny taýýarladylar.

Mülküň meýdany 572 inedördül metrdir.Esasy jaýyň iki ganaty we tutuş fasadynyň boýuna dowam edýän eýwany (werandasy) bar.Jaýyň 14 otagy iki sany koridor arkaly birleşýär.Jaýyň gapdalynda hojalyk binalary, ondan biraz aňyrda bolsa meýdany 354 inedördül metr bolan başga bir bina ýerleşýär.

Hünärmenleriň çaklamasyna görä, bu bina ýa ammar, ýa-da adamyň köp ýygnanýan dabaralary üçin niýetlenen zal bolupdyr.Willanyň tutuş çägi berk diwar bilen gurşalypdyr.

Alymlar bu tapyndynyň gerimini we ähmiýetini nazarda tutup, ony “Port-Tolbotyň Pompeýi” diýip atlandyrdylar. Olar bu täze maglumatlaryň Günorta Uelsiň taryhy baradaky düşünjeleri düýpli üýtgetjekdigine ynanýarlar.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
Diananyň dakynan göwheri auksiona çykdy
Diananyň köýnegi “Sotheby’s” auksionyna çykaryldy