Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär

Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär

Şu gün 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomatlar, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän, her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns bermek bilen, taraplar 2022-nji ýylda nobatdaky Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň baş müdiri bilen duşuşdy
Doganlaşan Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
“Ak şäherim Aşgabat” kitaby rus dilinde
ABŞ-nyň Albukerke şäheri 25-nji maýy "Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni" diýip yglan etdi
AŞGABAT — ALBUKERKE: doganlaşan şäherleriň gatnaşyklary ösdürilýär
Milli Liderimiziň syýasatynyň maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr