Türkmen awiakompaniýalarynyň Aşgabat — Bangkok uçuşlaryna petekleriň bahasy belli boldy

Türkmen awiakompaniýalarynyň Aşgabat — Bangkok uçuşlaryna petekleriň bahasy belli boldy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — Bangkok ýolagçy gatnawyna petegiň iň arzan bahasy 7,734 manatdyr. Bu barada Turkmenportala Türkmenhowaýollary agentligi habar berdi.

Nyrhlar hyzmat synpyna, barmaly ýerine we beýleki faktorlara baglylykda üýtgeýär. Türkmenistanyň raýatlary üçin awiapetekleriň bahasy:

Aşgabat — Bangkok — Aşgabat, biznes synpy, iki taraplaýyn petek —15615 manat

Aşgabat — Bangkok — Aşgabat, ekenom synpy, iki taraplaýyn petek — 12416 manat

Aşgabat — Bangkok, biznes synpy, bir taraplaýyn petek — 9736 manat

Aşgabat — Bangkok, ekenom synpy, bir taraplaýyn petek — 7734 manat

Bangkok — Aşgabat, işewür synpy, bir taraplaýyn petek — 9701 manat

Bangkok — Aşgabat, ekenom synpy, bir taraplaýyn petek — 7699 manat

Türkmenistanyň ýaşaýjylary bolmadyklar üçin bahalar:

Aşgabat — Bangkok, R synpy (premium ekenom) — 753 ABŞ dollary

Aşgabat — Bangkok, A synpy (standart ekenom) — 533 ABŞ dollary

Bangkok — Aşgabat, R synpy (premium ekenom) — 743 ABŞ dollary

Bangkok — Aşgabat, A synpy (standart ekenom) — 523 ABŞ dollary

Aşgabat — Bangkok — Aşgabat, N synpy (biznes), iki taraplaýyn petek — 916 ABŞ dollary

Utgaşdyrykýan uçuşlar üçin bahalar:

Bangkok — Kazan — 34,012 rubl

Kazan — Bangkok — 32,142 rubl

Stambul — Bangkok — 457 ABŞ dollary

Bangkok — Stambul — 469 ABŞ dollary

Bangkok — London — 475 ABŞ dollary

Frankfurt — Bangkok — 492 ABŞ dollary

Bangkok — Frankfurt — 436 ABŞ dollary

Türkmenistan awiakompaniýasynyň ýurduň içindäki ýa-da daşyndaky ofislerinden we wekilhanalaryndan petek satyn alyp bilersiňiz. Olaryň salgylarynyň häzirki sanawyny şu baglanyşykdan tapyp bilersiňiz.

Şeýle hem, aviasales.ru ýaly dürli awiapetekleri gözlemek hyzmatlarynyň üsti bilen onlaýn petek satyn alyp bilersiňiz.

Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugrunda yzygiderli uçuşlaryň 22-nji dekabrdan başlajakdygyny ýatladýarys. Olar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar.

Ýene degişli makalalar

6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
ESCAP-nyň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar