“Türkmen Awtoban” ýol gurmak boýunça hünärmen gözleýär

Şu ýylyň ýanwarynda $2,3 milliardlyk Aşgabat-Türkmenabat ýolunyň potratçylygyny alan Türkmen Awtoban ÝPJ gazetler arkaly zerur bolan hünärmen-inženerleri: önümçilik-tehnika bölümini, hasapçylary, hil gözegçilerini, geodezistleri, topograflary, ykdysatçylary, ekologlary, energetikleri, köpri gurujylary, tehniki howpsuzlyk we zähmet goragy hünärmenlerini, şeýle-de asfalt we bitum, beton, materiallary synagdan geçirmek, ýer işlerini barlamak boýunça laborantlary we beýleki spesialistleri gözleýär.

Bu barada Гундогар maglumat neşiri habar berýär.

Kandidatlardan 10 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi talap edilýär.

Neşiriň bellemegine görä, Türkmen Awtobanyň başlygy Aşyrmyrat Kuliýew 2019-njy ýylyň ýanwarynda kompaniýanyň “gurluşyga başlamaga doly taýýardygyny” aýtdy.

Ýatladýarys, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 24-nji ýanwarda geçirildi.

Ýokary tizlikli ýoluň dowamynda derýalaryň üstünden 4 köpri, demir ýollaryň üstünden 4 köpri, kesişýän awtomobil ýollarynyň üstünden bolsa 22 köpri gurulmaly.

Ýene degişli makalalar

Türkmen logistika kompaniýalary türkmenhytaý işewürlik forumynda ýörite şertlerden peýdalanarlar
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Hemişe onlaýn: TELECOMWIFI we TM CELL-iň amatly internet teklipleri
Hemişe ulgamda: internet hyzmaty ähli ýerde
“TM CELL” we “Türkmentelekom” internete elýeterliligi giňeldýär
Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"