Türkmen-bahreýn parlamentara gepleşikleri geçirildi

Türkmen-bahreýn parlamentara gepleşikleri geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Bahreýn Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň geňeşiniň başlygy Fawziýa Abdulla Ýusuf Zaýnal bilen duşuşyk geçirilip, onda türkmen-bahreýn parlamentara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek baradaky meseleler esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugur boldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň wajypdygy bellenildi. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreler görülýär.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlugyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni hyzmat etjekdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Zenanlaryň sungat dilindäki söhbedi
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi
TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGI
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
28.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar