Türkmen banky bilen Saud ösüş gaznasy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny maslahatlaşdy

Türkmen banky bilen Saud ösüş gaznasy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow Saud ösüş gaznasynyň Baş direktory Sultan bin Abdul Rahman Al-Murşid bilen gaznanyň Er-Riýad şäherinde ýerleşýän baş edarasynda gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam etjek esasy ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary maslahatlaşyldy.

Saud neşirýat agentliginiň mälim etmegine görä, duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Saud ösüş gaznasynyň arasynda 20 ýyldan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we derejesine seljerme berildi.

22-nji oktýabrda ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň barşynda Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň daşary işler minitrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelere saud tarapyndan ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Walid El-Herejiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler hem-de köptaraply türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu saparynyň çäklerinde Saud Arabystanynyň Energetika ministrliginde hem gepleşikler geçirildi. Onda taraplar nebitgaz, himiýa we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri pudaklarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti noýabrda sapar bilen BAE-ne barar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ylmyusuly maslahat
Mary welaýatynda küşt boýunça birinjilik geçirildi
AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
YHG ýurtlarynyň Ýokary wezipeleri şahslary Aşgabatda ýüzbe-ýüz duşuşdylar