Türkmen diplomaty: Aýal-gyzlar üçin ýörite geýim talaby we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirme ýok

Türkmen diplomaty: Aýal-gyzlar üçin ýörite geýim talaby we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirme ýok

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýurtda aýal-gyzlar üçin dres-koduň, ýagny ýörite geýim talabynyň we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirmäniň ýokdugyny aýtdy. Hajiýew bu barada daşary ýurtly žurnalistleriň we beýleki halkara wekilleriniň gatnaşmagynda 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde belledi. Bu barada “RIA Nowosti” neşiri habar berýär.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň Köpugurly döwürleýin syny boýunça Iş toparynyň 44-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň netijelerine bagyşlanan brifingde Hajiýew mejlise gatnaşan ýurtlaryň wekiliýetleriniň “köplenç hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary ulanandygyny” aýtdy.

Türkmen diplomaty, hamala, ýurtda aýallar üçin girizilen geýim kodlarynyň, aýallar tarapyndan kosmetika serişdelerini ulanmak we sürüjilik şahadatnamasy almak bilen baglanyşykly käbir standartlaryň bardygy barada teklipler edildi diýdi.

Ýatlatsak, 6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde köp ýurduň wekiliýetleri bu problemalary agzadylar we Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly käbir ýagdaýlara alada beýan etdiler.

Hajiýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda aýal-gyzlar üçin ýörite geýim-kody ýok. Ol diňe ýurduň ýokary okuw jaýlarynda şeýle talabyň bardygyny we munuň hem täzelik däldigini, şeýle talabyň dünýäniň köp ýurdundan bardygyny belledi.

“Gündelik durmuşda aýal-gyzlarymyz islän eşiklerini geýip bilýärler. Bu aýallaryň daş keşbine we gözellik salonlaryna barmagyna-da degişlidir” diýip, “RIA Nowosti” neşiri Hajiýewyň aýdan sözlerini sitirleýär.

2022-nji ýylyň aprel aýynda zenanlara gaşyny bejertmek, ýasama dyrnak we kirpik dakdyrmak, saçyny açyk reňklere boýamak ýa-da gysga kesdirmek, botoks ýaly gözellik amallarynyň ençemesi gadagan edildi.Hususan-da, býujet işgärlerinden ýakasy ýapyk, giň köýnek geýmek hem talap edilýär.

Zenanlardan işden kowulmak haýbaty bilen özüne serenjam bermekden ýüz öwürýändigi barada dil hat talap edildi, işini ýitirenler hem boldy.Köçelerde ýaglyksyz ýa-da adamsy bilen el tutuşyp barýan zenanlar polisiýa tarapyndan saklandy.

Türkmen diplomaty ýurtda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almak ýa-da uzaltmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna hem ünsi çekip, ol munuň zenanlaryň sürüjilik synaglaryndan geçip bilmezligi bilen baglanyşyklydygyny ýaňzytdy.

“Olar [ulag] ulanýarlar: şäherde görýärsiňiz - aýallar maşyn sürýärler. Näme üçindir hiç kim erkeklere sürüjilik şahadatnamasyny bermek barada gürlemeýär. Olar [erkekler] hem ekzamen tabşyryp bilmeseler, şahadatnama alyp bilmeýärler” diýip, Hajiýew nygtady.

Türkmenistanly zenanlar özlerinde bar bolan sürüjilik şahadatnamalaryny ulanmakda, möhleti geçenlerini uzaltmakda we täzesini almakda 2017-nji ýyldan bäri kynçylyk çekip gelýärler.

2022-nji ýylda sürüjilik resminamasy çäkli görnüşde berlip başlandy, emma şu ýylyň başyndan bäri ony almak islän zenanlar babatynda täze çäklendirmeler girizildi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda sürüjilik mekdeplerinde ýaş zenanlara olary okuwa kabul etmezlik boýunça özlerine transport we içeri işler edaralaryndan tabşyrygyň gelip gowşandygy aýdyldy.

Täze talaba görä, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin aýalyň ýaşy 41 bolmaly. Şu ýylyň başyndan bäri 40 ýaşyny doldurmadyk aýal-gyzlar sürüjilik şahadatnamasyny alyp bilmeýärdi. Şeýle-de, zenanlardan nika hakyndaky şahadatnama we iş ýerinde häsiýetnama talap edilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň brifing barada çap eden maglumatynda ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne onda "dialogyň netijesinde 228 teklibiň berilendigi, olaryň 146 sanysynyň durmuşa geçirmek üçin kabul edilendigi, 82 sanysynyň indiki işlerde göz öňünde tutulmagyna karar berilendigi bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi
Zanzibarda deňiz pyşbagasyny iýen 9 adam ýogaldy