Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Ministrler geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçirilmegi bilen bagly meselelerine, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalygy we azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýärler
Türkmenistan bilen Malaýziýa gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmen diplomaty BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady
Bajjo, Haji, Guardiola, Pirlo dagynyň çykyş eden kluby ýapyldy
Malaý edebiýaty