Bajjo, Haji, Guardiola, Pirlo dagynyň çykyş eden kluby ýapyldy

Bajjo, Haji, Guardiola, Pirlo dagynyň çykyş eden kluby ýapyldy

Italiýanyň belli futbol klublaryndan “Breşiýa” topary ýapyldy. 115 ýyllyk taryhy bolan maliýe ýetmezçiligi sebäpli 20 million ýewro möçberindäki bergisini töläp bilmeýändigi sebäpli klubuň lissensiýasy ýatyryldy. 1 1 ýyl “Serie B”-den “Serie C” düşürilen klubdaky ähli işler geçen möwsümde togtadylypdy.

“Serie B”-de 4 gezek çempionlyk gazanan klub soňky sapar “Serie A”-da 2019/20 möwsüminde çykyş edipdi.Klub italýan futbolynyň ägirdi Roberto Bajjonyň karýerasyny tamamlan topary bolup, ol bu ýerde 4 möwsüm oýnady. Şol bir wagtyň özünde Alessandro Altobelli, Maurizio Ganz, Jorj Haji, Marek Hamşik, Mario Balotelli, Luka Toni, Andrea Pirlo, 2 dürli döwürde Pep Guardiola, Sandro Tonali ýaly belli futbolçylar “Breşiýa” klubunyň köýnekçesini geýipdi.

Mirçea Luçesku, Zdenak Zeman, Marko Jampaolo, Filippo Inzagi ýaly tälimçiler hem bu kluby türgenleşdiripdi.

1911-nji ýylyň 17-nji iýulynda esaslandyrylan klub “Serie A”-da jemi 23 möwsüm çykyş etdi. Topar esaslandyrylmagyndan 115 ýyl soň, 28-nji iýulda ýapyldy.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmen diplomaty: Aýal-gyzlar üçin ýörite geýim talaby we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirme ýok
Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi
Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar
Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasarlar bellenildi