Türkmen diplomaty Belgiýada özbek ilçisi bilen duşuşdy

Türkmen diplomaty Belgiýada özbek ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Özbegistandan täze bellenen kärdeşi Gaýrat Fozilow bilen duşuşdy. Duşuşykda soňky ýyllarda Aşgabat bilen Daşkentiň arasyndaky gepleşikleriň giňelmegi barada pikir alşyldy diýlip, türkmen diplomatyk wekilhanasy habar berýär.

Diplomatlar şeýle hem ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda sebitara gepleşiklere ygrarlydyklaryny aýtdylar. Bu gepleşikleriň möhüm depginler gazanyp, täze sepgitlere ýetip, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi güýçlendirýändigini bellediler diýlip, habarda bellenilýär.

Taraplar ählumumy diplomatiýada üstünlik gazanmak üçin halkara guramalaryň çäginde özara goldawy tassyklaýan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösýändigini hem bellediler.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçiliklerine we onuň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy pugtalandyrmakdaky ornuna bagyşlanan çäre geçirildi
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi özbek kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary