Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi özbek kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi özbek kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Özbegistanyň Belgiýadaky täze bellenen ilçisi Gaýrat Fozilow bilen duşuşdy. 5-nji fewralda geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, diplomatlar iki tarapyň hem Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini goldaýandyklaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, degişli görnüşdäki hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigi hem-de hyzmatdaşlyk babatda täze sepgitlere ýetýändigini aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, taraplar howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, daşky gurşaw, bilim, ylym we innowasiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty Belgiýada özbek ilçisi bilen duşuşdy
ÝB “Global Gateway”-iň çäklerinde Merkezi Aziýa maýa goýumlaryny dowam etdirer
Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary