Türkmen diplomaty GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen diplomaty GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

7-nji oktýabrda Moskwa şäherinde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşdy. Şeýle-de mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

Däp bolşy ýaly, mejlis çäkli we giňeldilen düzümlerde geçirildi.

Çäkli düzümde geçirilen gepleşiklerde wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara gün tertibindäki häzirki meseleler we Arkalaşygyň çägindäki özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Şeýle-de GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisini 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Gazagystanda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Giňeldilen düzümdäki gepleşiklerde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, halkara giňişlikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy, gurama agza ýurtlaryň arasyndaky DIM-ara syýasy geňeşmeler, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy we beýleki ugurlar bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hususan-da, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek bilen bagly 20242025-nji ýyllar üçin Hereket meýilnamasy tassyklanyldy.Meýilnama bäş bölümden ybarat bolup, Türkmenistanyň paýtagtynda sportuň dürli ugurlary boýunça halkara bäsleşikleriniň, köpçülikleýin sport çäreleriniň guralmagyny we geçirilmegini öz içine alýar.

Meýilnamanyň bir bölümi GDA we beýleki gyzyklanýan ýurtlaryň türgenleriniň gatnaşmagynda Dostluk oýunlary şygarynyň astynda sportuň käbir görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegine gönükdirilendir.

Mundan başga-da, resminamalaryň birnäçesi tassyklanylyp, olar döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna iberildi.

Ýene degişli makalalar

Amerikan işewür wekiliýetiniň şu ýyl Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Sarahsdaky üsti açyk ammarlarda saklanýan kükürt kislotasy ilatyň saglygyna howp abandyrýar
Türkmenistanyň RF-daky ilçisi GDA-nyň baş sekretaryna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşanyny gowşurdy