Türkmen diplomaty Kambojanyň Patyşasy bilen duşuşdy

Türkmen diplomaty Kambojanyň Patyşasy bilen duşuşdy

Kambojanyň Patyşasynyň köşgünde ilçi M.Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň Patyşasy Preah Bat Samdek Preah Boromneath Norodom Siamonä ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

14-nji awgustda bolan gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde ilçi Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we Kambojanyñ dostlukly halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Patyşa Norodom Siamoni Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyñ gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi
Pnompende Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kamboja Patyşalygyna saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Kambojanyň Patyşasy Hun Seniň ogluny täze Premýer-ministr edip belledi
Türkmenistanyň ilçisi Kambojanyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy