Türkmenistanyň ilçisi Kambojanyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

14-nji awgustda “Kambojanyň Patyşasynyň köşgünde” Ilçi M.Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň Patyşasy Preah Bat Samdek Preah Boromneath Norodom Siamonä ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we Kambojanyñ dostlukly halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Patyşa Norodom Siamoni Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyñ gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
'Mejbury tomaşaçy' meselesiniň çözgüdi 'halk durmuşynyň gowulanmagynda' - Synçy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Kambojanyň Patyşasy Hun Seniň ogluny täze Premýer-ministr edip belledi