Türkmen diplomaty Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy

Türkmen diplomaty Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy

31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwaly geçirilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Sinandali festiwaly dünýäniň dürli künjeklerinden ýerine ýetirijileri, dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem nusgawy aýdym-saz söýüjilerini özüne jemleýär.

Habarda bellenilişi ýaly, festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedowyň çäräniň guramaçylary we oňa gatnaşýan ýaş türkmen sazandalar topary bilen duşuşygy geçirildi.

Ilçi festiwaly guraýjylara hoşallygyny bildirdi hem-de häzirkizaman medeni we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarynyň türkmen-gruzin döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz böleginiň biri bolup durýandygyny we Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygynda bilelikde işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Basketbol Komandasy Ýarym Finalda…
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy
Şirin-şeker datly gawun
Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly
Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar
Şirin-şeker datly gawun