Türkmen diplomaty Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

Türkmen diplomaty Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň birnäçe ugurda işjeň ösýändigini bellediler. Ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň birek-birege saparlary, bilelikde geçirilýän konferensiýalar, seminarlardyr forumlar bilim pudagynyň yzygiderli we netijeli ösýändigine şaýatlyk edýär.

Taraplar M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda öň gol çekilen akademiki we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňelmegine we işjeňleşmegine ýardam bolandygyny aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar has netijeli hyzmatdaşlyga we iki ýurduň arasyndaky ylmy, medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjak bilelikdäki taslamalarydyr maksatnamalary taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Gruziýa bilen ylmy we medeni ugurly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga taýýar
Halkara ýüpek ýoly forumy Tbiliside geçirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Terror Guramalaryna we Guramaçylykly Jenaýat Toparlaryna Garşy Egilşiksiz Göreşi Dowam Etdireris”
Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geler
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar