Türkmenistan Gruziýa bilen ylmy we medeni ugurly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga taýýar

Türkmenistan Gruziýa bilen ylmy we medeni ugurly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga taýýar

12-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwili bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň birnäçe ugurda işjeň ösýändigini bellediler. Ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň birek-birege saparlary, bilelikde geçirilýän konferensiýalar, seminarlar we forumlar bilim pudagynyň yzygiderli we netijeli ösýändigine şaýatlyk edýär.

Taraplar M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda öň gol çekilen akademiki we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňelmegine we işjeňleşmegine ýardam edendigini aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar has netijeli hyzmatdaşlyga we iki ýurduň arasyndaky ylmy we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjak bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Halkara ýüpek ýoly forumy Tbiliside geçirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Terror Guramalaryna we Guramaçylykly Jenaýat Toparlaryna Garşy Egilşiksiz Göreşi Dowam Etdireris”
Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geler
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar