Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty THE World University Rankings-2024 görkezijisiniň 20-nji neşirine girdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty THE World University Rankings-2024 görkezijisiniň 20-nji neşirine girdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty reporýor derejesi bilen dünýä uniwersitetleriniň THE World University Rankings-2024 görkezijisiniň 20-nji neşirine girdi.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron saýtynda berilýän habara görä, abraýly görkezijide her ýyl dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleri kesgitlenilýär.Uniwersitetlere esasy iş ugurlarynyň ählisi boýunça baha berilýär.Bu ýyl dünýä uniwersitetleriniň görkezijisiniň usulyýetine birnäçe goşmaça baha beriş derejeleri girizildi.

Umuman, uniwersitetleriň netijeleri okadylyşy, ylmy barlaglaryň hili, ylmy-barlag gurşawy, halkara perspektiwalary we senagat ýaly bäş esasy ugra bölünen 18 netijelilik görkezijileri esasynda kesgitlenilýär.

THE görkezijisiniň ilkinji neşiri 2004-nji ýylda çap edildi, onda olaryň sany bary-ýogy 200-di. THE World University Rankings-2024 görkezijisiniň täze, 20-nji neşirinde 108 ýurtdan 1904 uniwersitet bar.

Habarda bellenilişi ýaly, her ýyl uniwersitetleriň ählumumy sanawynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmaga, abraýyny ýokarlandyrmaga, işjeň ösüşi we iň ýokary görkezijilere ýetmekde üstünlik gazanmaga ymtylýan ýokary okuw mekdepleri bilen ýetirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hakara üstünligi