Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Orazow Parahat Orazmuhamedowiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow bellenilip, ol Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary