Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin atly täze oýun sahnalaşdyryldy

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin atly täze oýun sahnalaşdyryldy

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Aladdin ertekisini sahnalaşdyryp, çagalara Täze ýyl sowgadyny taýýarlady.

Oýnuň ilkinji görkezilişi köp adamly boldy. Tomaşaçylar oýnuň ilkinji minutlaryndan şa gyzy Žasmine aşyk bolýan Aladdin atly ugurtapyjy ýigidiň gyzykly başdan geçirmelerinden doly erteki dünýäsine düşýär. Gowakda Aladdin jadyly çyra tapýar, Žasmin bilen jadyly halyda uçýar, betniýet wezir Jafary ýeňýär we başga-da köp ýagşy işler edýär.

Tomaşaçylar bu batyrgaý gahrymany ajaýyp multfilmleriň üsti bilen gowy tanaýarlar.Gyzlaryň ählisiniň şa gyzy Žasmin ýaly bolmak isleýişleri ýaly, oglanlaryňam bary edil Aladdin ýaly bolmak isleýärler. Şonuň üçin-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň zalynda janly gahrymanlaryň arasyna düşmekden, Aladdiniň Abu atly maýmyn bilen tomaşaçylaryň üstünden uçup geçmegi ýaly gudratlara şaýat bolmakdan çagalaryň hiç biri ýüz öwürmeýär. Şeýle-de bolsa, ertekidäki jadyly pursatlar tomaşaçylara her ädimde gabat gelýär.

Teatryň artistleri, gaplaň, maýmyn, towuk we aždarha ýaly keşpleri ýerine ýetirýärler. Aladdiniň başdan geçirmelerine gatnaşmakdan aktýorlaryň özleriniň hem söz bilen beýan edip bolmajak lezzet alýandyklary görünýär.

Geýim biçüwçisi Ýelizaweta Mihaýlowa we tikinçiler oýnuň gahrymanlaryna hem ýerine ýetirijilere ajaýyp geýim geýdirenlerinde, şuňa meňzeş bir zatlary başdan geçiren bolsa gerek.

Sahna bezegçisi Kerim Nuryýewiň ajaýyp işini görkezýän gözel görnüşler göz öňüňden yzygiderli geçýär. Serdar Öwezowyň we Guwanç Garajaýewiň saýlan sazlary ertekidäki bolup geçýän wakalara has gowy düşünmäge ýardam edýär.

Aladdin oýny Türkmen döwlet gurjak teatrynyň nobatdaky döredijilik üstünligi diýip bolar. Bu ýakymly wakanyň esasy sebäpkäri ýaş režisýor Geldimyrat Almämmedowdyr. Bu eýýäm onuň teatrdaky bäşinji işi.

Aladdiniň keşbini Atajan Baýramdurdyýewiň, Žasminiňkini bolsa Gülälek Mämmetgulyýewanyň ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen döwlet gurjak teatry Janly gurjaklar atly gurjak oýny bilen Balkan welaýatynda saparda bolýar
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy