Türkmen dzýudoçylary Aziýanyň kubogynda üç medal gazandylar olaryň ikisi altyn

Türkmen dzýudoçylary Aziýanyň kubogynda üç medal gazandylar  olaryň ikisi altyn

Türkmenistanly dzýudoçylar ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşdan medallaryň üçüsi bilen dolandylar. Olaryň ikisi altyn, biri bolsa kümüş medaldyr.

Has takygy, oglanlaryň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Aşgabat şäherindäki Olimp sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Mekan Ramazanow yklym ýaryşyndaky ähli bäsdeşlerinden saýlanyp, Watanymyza altyn medal bilen dolandy.

Edil şeýle üstünligi Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginde ýerleşýän 20-nji mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maýsa Pardaýewa hem gazandy.Gazagystandan Türkmenistana Aziýanyň çempiony bolup dolanan ezber türgen 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.

Türkmenistanyň ýygyndysyndan kümüş medaly Türkmenabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kurbanaý Kurbanowa eýeledi. 44 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz final tutluşygyndan galan ähli tutluşyklarda garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Ýeri gelende aýtsak, Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa yklymyň alty döwletinden 270 türgen gatnaşdy. Şolaryň 13-si türkmenistanly dzýudoçylardyr.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmen dzýudoçylary Aziýanyň kubogynda üç medal gazandylar, olaryň ikisi altyn!
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
BMW-niň Türkmenistandaky Autohouse GmbH kompaniýasynyň direktory häzirki işler barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri žurnalynyň täze sany çapdan çykdy