“Türkmen Gala” kompaniýasy amerikan “Emerson” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

“Türkmen Gala” kompaniýasy amerikan “Emerson” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy OGT 2025” halkara maslahaty we sergisiniň çäklerinde “Türkmen Gala” kompaniýasynyň satuw işleri boýunça hünärmeni Abdulla Gylyjewiň habar bermegine görä, kompaniýa halkara derejeli amerikan “Emerson” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşyp, Türkmenistanda onuň resmi hyzmatdaşyna öwrüldi. Bu barada anna güni “Trend” agentligi habar berdi.

A.Gylyjewiň bellemegine görä, gol çekilen şertnama senagat awtomatizasiýasy, önümçilik proseslerini sanly dolandyryş hem-de tehnologik gözegçilik ulgamynda öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem kompaniýanyň wekili, “Emerson” bilen hyzmatdaşlygyň müşderilere dünýä derejesindäki innowasion önümleri we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. Geljekde “Türkmen Gala” kompaniýasy “Petronas” we “Dragon Oil” ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem-de ýokary tehnologiýaly enjamlarda işlär ýaly ýerli hünärmenleri taýýarlamagy meýilleşdirýär.

2011-nji ýylda esaslandyrylan “Türkmen Gala” kompaniýasy nebit-gaz, energetika we himiýa pudaklarynda işjeň hereket edýär. Kompaniýanyň işgärleriniň sany 150-den gowrak bolup, hyzmatdaşlyk portfeli dünýäniň 40-dan gowrak abraýly brendini öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
В Ашхабаде пройдет международный форум в OGT-2023