Türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki hyzmatdaşlygyň häsiýetine eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä ýetdi. Taraplaryň biragyzdan bellemegine ýokary derejedäki gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýgytly orun eýeleýär.

Iki döwletiň köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bellendi.

Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gazak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hökümetara, parlamentara, pudagara we daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Şeýle hem özara gyzyklanma eýe bolan sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalar boldy. (mfa.gov.tm)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
Türkmenistan we Malaýziýa ykdysadyýetde, logistika we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi
Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi