Türkmen gazy Yragyň alty sany elektrik stansiýasyny doly üpjün eder

Türkmen gazy Yragyň alty sany elektrik stansiýasyny doly üpjün eder

Yrak her gün Türkmenistandan 25 million kub metr tebigy gazy import etmegi meýilleşdirýär. Bu mukdar ýurduň alty sany elektrik stansiýasynyň zerurlygyny 100 göterim kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir.

Bu barada Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň merkezi sebitdäki elektrik energiýasyny öndürmek boýunça baş direktory Ali Ahmed Yragyň Habarlar gullugyna beren interwýusynda habar berdi.

Premýer-ministr Muhammet Şiýa as-Sudanyň görkezmesine laýyklykda, Türkmengaz döwlet konserni bilen Eýranyň çägi arkaly her gün 25 million kub metr goşmaça mukdarda tebigy gaz import edilmegi barada gepleşik geçirmek üçin energetika ministri Ziýad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet döredildi diýip, Ali Ahmed belledi.

Ali Ahmediň aýtmagyna görä, bu mukdar elektrik energiýasyna bolan barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir.

Bellenilişi ýaly, Energetika ministrliginiň resmi wekiliniň sözlerine görä, türkmen tebigy gazy Mansuriýa, Al-Sadr we Bismaýa stansiýalary hem-de Bagdadyň günortasyndaky stansiýany, şeýle-de Al-Kuds we Al-Taji stansiýalary üpjün eder.

Ozal habar berşimiz ýaly, noýabr aýynyň başynda Aşgabatda energetika ministri Ziýad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky Yrak wekiliýeti bilen Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň netijesinde türkmen tebigy gazyny Yraga ibermek boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyga laýyklykda, 5 ýylyň dowamynda ýyllyk 9 milliard kub metr türkmen mawy ýangyjyny Eýranyň çägi arkaly SWOP görnüşinde Yraga ibermek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady