Türkmen häkimiýetleri maliýe problemalaryny ilatyň hasabyna çözýär

Witaliý Wolkow

Deutsche Welle

Aşgabatda ýurtda walýuta çalyşmagy çäklendirmegi we çagalar baglarynyň nyrhlaryny ýokarlandyrmagy karar etdiler. Bu ekspertleriň pikirine görä, döwlet býujetiniň girdejileri üçin çeşmeleriň bolmazlygy sebäplidir. Ilat häzirlikçe çydaýar.

Türkmen häkimiýetleri 2017-nji ýylyň güýzünde ýurduň ilatyny özleriniň sosial-ykdysady pudaga degişli kararlary bilen gaty gynandyrdylar.Respublikanyň daşary ykdysady döwlet iş bankynyň noýabryň başynda, internet saýtynda habar bermegine görä, “bank kartlaryndaky pul serişdeleriinň gije-gündiziň dowamynda ulanylmaly möçberini 250 ABŞ dollary möçberinde” kesgitledi. Şol sanda her gije-gündizde 50 ABŞ dollaryny nagtlaşdyrmaga, nagt däl hasaplaşyk boýunça 200 ABŞ dollaryny harçlamaga rugsat berilýändigini habar berdi.

Bankyň bildirişinde bu çäreleriň “halkara plastik kartlarynyň üsti bilen hasaplaşmak üçin çalşylýan serişdeleri niýetlenen ugurlardan gaýry maksatlara ulanmagyň öňüni almak maksady bilen” görlendigi aýdylýar. Şeýle-de, çäklendirmeleriň “gündelik amallary adaty syýahatçy ýa-da tassyklanan normatiwleriň esasynda iş sapary bilen gidýän adamlaryň bolup biljek çykdaýjylaryndan ugur alyp” kesgitlenendigi mälim edilýär.

Türkmen reformalary: ne walýuta, ne-de çagalar baglary

Oktýabr aýynda, DW-nyň habar berşi ýaly, Wenadaky Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” (AHTI) toparynyň başlygy Faid Tuhabtullin öz çeşmelerine salgylanyp, respublikada çagalar baglaryna gatnaýan çagalar üçin tölegleriň on esse gymmatladylandygyny habar berdi.

“Ozal bu hyzmat aýda 8 manada durýardy, indi eýýäm 80 manat boldy. Üç we ondan köp çagaly eneler her çaga 40 manatdan, ýeke ýaşaýan eneler her çaga 10 manatdan tölemeli.

Bu gymmatlamanyň haýsy karar esasynda kabul edilendigi belli däl, sebäbi ol dokument hiç ýerde çap edilmedi.Emma, fakt fakt bolmagynda galýar.Bu iki ýa ondan kän çagasy bolan ene-atalar üçin örän gymmat. Çagalar baglary boşap galdy.

Biziň maglumatlarymyza görä, olar 10-15 prosent dolýar.Terbiýeçiler işden boşadylmaklarynyň ahmallygyndan alada galýarlar.Häkimiýetler býujet işgärlerini işden boşatmak haýbaty bilen öz çagalaryny çagalar baglaryna bermäge mejbur edýärler” diýip, hukuk goraýjy gürrüň berdi.

Walýuta çalyşmaga girizlen çäklendirme “torbaly söwdagärlere” zarba urýar

Ol soňky wagtlarda türkmen häkimiýetleriniň hemme ugur boýunça çykdajy harajatlaryny kemeltmek üçin görýän başagaýçylykly çäreleriniň köp göze ilýändigini belleýär.Suwuň, tebigy gazyň we elektrik energiýasnyň mugt peýdalanylmagynyň soňlanmagynyň aglabasy işsiz bolan ilata çynlakaý zarba urýandygy baradaky habarlar hatda daşary ýurt metbugatyna hem baryp ýetdi. “Belkide, bazar ykdysadyýetiniň ösmegi nukdaý nazaryndan bu çäre esaslydyr.

Emma, başda adamlar üçin şol bazary döretmek gerekdi, iş ýerlerini açmalydy, diňe şondan soň döwlet goldawyny kemeltmek bilen meşgullanmalydy” diýip, DW-niň söhbetdeşi pikirini dowam etdirdi.

Walýuta çalyşmaga girizilen çäklendirme barada aýdylanda bolsa, “häkimiýetler ony bir ýa iki gezek çäklendirip oňmadylar, diňe 2017-nji ýylda üç gezek çäklendirdiler” diýip, Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow ýatladýar. “Soňky çäklendirmeden öň bank kartlaryndan gije-gündizde 100 dollara çenli nagtlaşdyryp bolýardy, nagt däl hasaplaşyk boýunça günde 500 dollara çenli harçlap bolýardy” Bu ýerde sebäp belli.

Hanamowyň pikirine görä, ol nebit-gazyň, resbublikanyň walýuta girdejisiniň esasyny düzýän eksport harydynyň bahasynyň arzanlamagy bilen bagly.

Daşardan öňki gelýän walýutanyň gelmeginiň kemelmegi bilen, nähilidir bir ýol bilen onuň öwezini dolmak üçin häkimiýetler ilata öňküden hem beter basyş etmäge başladylar. “Walýuta çalyşmagyň çäklendirilmegi ozaly bilen ownuk söwda edýän hususy telekeçilere zarba. Şu sebäpden hem olara käte “torbaly söwdagärler” diýip at berýärler, ýöne olar üçin şol “torbaly söwda” esasy eklenç çeşmesi bolup durýar.

Bu olaryň haryt dolanyşygynyň gönümel azalmagyna getirýär manada ne Türkieýde, ne BAE-de, ne Hytaýda haryt satyn alyp bolýar” diýip, Wenada ýaşaýan oppozisiýadaky syýasatçy aýtdy.

Walýutanyň “gara bazaryna” peýda

Emma, muňa garamazdan, täze çäklendirmeler “gara bazary” güýçlendirýär.Sebäbi, walýutanyň “gara bazardaky” kursy bilen resmi kursyň arasyndaky tapawut her gezek şunuň ýaly çäre girizilende artýar diýip, ol pikirini dowam etdirýär. “Ýöne şeýle kararlary kabul edýänler “gara bazarda” hezil edýärler.

O ýere walýuta nireden barýar?Diňe dollara elýeterliligi bolanlardan barýar.Bular ilkinji nobatda, banklaryň işgärleri.Biziň ýurt içindäki çeşmelerimiziň maglumat bermeklerine görä, olaryň (bank işgärleriniň) “gara bazarda” bikanun dollar çalyşýan ýerleri bar we olar munuň üstünden gowy gazanç edýärler” diýip, Nurmuhammet Hanamow DW bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, walýuta bilen bagly problemalar diňe “torbaly söwdagärlere zyýan ýetirmeýär.Eýsem, ýurtda işleýän firmalara, hususan-da respublikadaky gurluşyk pudagynda işleýän firmalara uly zyýan ýetirýär.

Ýurda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi azalýar, bahalar ýokarlanýar diýip, Farid Tuhbatullin walýuta çalyşmagyň kynlaşdyrylyşy baradaky gürrüňini dowam etdirýär. Şol bir wagtda, onuň bellemegine görä, Aşgabatda döwlet çykdajylaryny azaltmakçy bolmaýarlar. “Golaýda ýurduň prezidenti täze golf meýdançalaryny gurmagyň gerekdigini aýtdy. Ýöne, bu örän gymmat güýmenje we ol ilat üçin zerur zat däl.

Aşgabadyň töwereginde gymmatbaha jaýlaryň gurluşygy dowam etdirilýär, ýogsa praktika şeýle jaýlaryň aglabasynyň boş durandygyny görkezýär.Aziada 2017-niň çykdajylary bolsa, has uly boldy.Hut şol Aziadadan soň hem çagalar baglarynyň nyrhlary on esse gymmatlady” diýip, ATHI-niň başlygy aýtdy.

Türkmen oppozision habar serişdesi bolan “Gündogar” Aşgabatda Aziada gabatlanyp gurlan täze “Oguzhan” uçar menziliginiň gurluşytgyna 2,3 milliard ABŞ dollarynyň harçlanandygyny habar berýär. Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesine bolsa 5 milliarddan gowrak ABŞ dollary harçlandy.

Türkmen dolandyryş strategiýasy, HWF we ilatyň sabyr-kanagaty

Bu ýerde dolandyryş logikasy ýok diýip, Farid Tuhabatullin hasaplaýar. “Biz golaýda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow bilen gürleşdik.Ol ýurtdaky dolandyryş meselesi çözülmese, ykdysady krizisi ýeňip geçmegiň başartmajakdygyny ynam bilen aýtdy. Ýöne birinjiden, meniň pikirimçe, bolup geçýän zatlara obýektiw baha berilmeli.

Emma, häkimiýetler dolandyryş strategiýasyny şu hili bahalaryň üstünde gurnagy başarmaýar, Aşgabatdaky häzirki komanda bolsa özüniň iş başarmaýandygyny doly subut etdi” diýip ol aýdýar.

Şol bir wagtda, şu ýylyň noýabrynda we martynda Türkmenistana HWF-nyň missiýasy bardy.Olar öz saparlarynyň ikisinde hem ýurduň ykdysadyýetiniň tebigy gaz nyrhlarynyň durnukly pes bahalaryna we söwda hyzmatdaşlygyndaky ýurtlaryň ösüşiniň haýallamagyna uýgunlaşmagyny dowam etdirýändigini bellediler.

Olar ykdysadyýeti berkitmek boýunça öz rekomendasiýalaryny teklip etdiler.Emma, AHTI-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Aşgabatda, adatça edişi ýaly, halkara gurluşlarynyň rekomendasiýalaryny diňleýär we olary saýlap, diňe özüne amatlydyr öýdenlerini ulanmaga çalyşýar. “Ol ýerde häkimiýetler ilata berilýän durmuş kömeklerini kemeltmek boýunça özleri çäre görýärler we muny HWF-nyň ýa-da beýleki halkara ykdysady gurluşlarynyň rekomendasiýalary hökmünde görkezýärler. Şol bir wagtda-da eger bu guramalar tarapyndan şeýle rekomendasiýalar berilýän-de bolsa, olaryň nähili toplumda berilýändigini agzamaýarlar” diýip, Tuhbatullin aýtdy.

Türkmenistanyň ilaty häzirlikçe özüne edilýän basyşlara çydaýar. “Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde çagalar baglarynyň tölegleri on esse gymmatladylandan soň, adamlar ýerli häkimiýet organlaryna, häkimlige arza bilen baryp, tölegleri azaltmaklaryny soradylar.

Olaryň talaplary kabul edilmedi.Olar protest bildirmediler.Emma, çagalaryny çagalar bagyna bermegi bes etdiler.Jemgyýetçilik transportynda tölegler gymmatlandan soň, ýogsa ol ýerde nyrhlar ujypsyz, bu adamlara gowy duýarlykly boldy, adamlar 30-40 bolup, öz nägileliklerini bildirdiler” diýip, hukuk gorýajy AHTI-niň maglumatlaryna salgylanyp aýdýar. Ýöne, onuň sözlerine görä, häkimiýetler halka edilýän basyşlaryň haçan çekip-çydardan agyr boljakdygyny duýup biljek ýagdaýda däl.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýaşulylary agyr günde ýaşaýandygyny aýdýarlar
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Guterriş dünýädäki häzirki ýagdaýy dartgynly diýip häsiýetlendirdi
Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldy
HRW türkmen aktiwistleriniň deportasiýasyny togtatmagy talap edip,Türkiýäniň hökümetine ýüzlendi
Türkiýede saklanan türkmen aktiwisti açlyk yglan etdi