Türkmen häkimiýetleri raýat aktiwistiniň maşgalasyna basyş edýärler

Türkmen häkimiýetleri raýat aktiwistiniň maşgalasyna basyş edýärler

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň polisiýa işgärleri Türkiýede ýaşaýan we şu ýylyň oktýabr aýynda raýat jemgyýeti aktiwistleriniň onlaýn maslahatynda türkmen hökümetini tankyt eden Merdan Ilýasowyň ene-atasyna azar berýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanow bu ýagdaýyň jikme-jiklerini öwrendi.

Aktiwist Merdan Ilýasow sözlerine görä, onuň 22-nji oktýabrda eden çykyşyndan soň ene-atasy polisiýa bölümine çagyryldy we oglunyň hereketleri üçin türme bilen haýbat atyldy. Ilýasowyň ene-atasy ondan aktiwist hereketlerini bes etmegini isledi, emma ol boýun gaçyrdy. Şondan soň onuň ene-atasy yzarlamalardan howatyrlanyp, onuň bilen aragatnaşyk saklamagyny bes etdiler.

35 ýaşly Merdan Ilýasow 2019-njy ýylda Türkiýä geldi we 2021-nji ýylyň başynda türkmen aktiwistler hereketine gatnaşyp başlady. Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda TikTok platformasynda türkmen oppozisiýasy we raýat aktiwistleri Türkmenistandaky syýasy we ykdysady ýagdaý barada ýene bir onlaýn pikir alyşma çäresini guradylar. Bu söhbetdeşlikde Merdan ilkinji gezek aç-açan gürledi.

“Men Nurmuhammet Annaýewiň we Myrat Gurbanowyň TikTok ýaýlymlarynda açyk ýüz bilen gürläp başladym. Türkmenistanyň hökümetiniň syýasatyny ara alyp maslahatlaşdyk. Bu ýaýlymdan soň polisiýa ýene-de ene-atamyň öýüne geldi we kakamy alyp gitdi "- diýip Ilýasow aýdýar.

Şol onlaýn duşuşykdan ozal aktiwist şahsyýetini gizläpdi we "Matematik" lakamyny ulanypdy, sebäbi onuň ene-atasy Baýramalyda häkimiýetleriň basyşyna sezewar edilipdi.

Merdanyň sözlerine görä, polisiýa bölüminde kakasy soraga çekildi we ondan oglunyň işinden el çekmegi talap edildi: “Polisiýa onuň oglunyň hökümeti tankytlamajagy barada üçin söz berendigini aýdyp, oňa gygyryp başlady. Emma kakasy oglunyň eýýäm uludygyny we onuň jogapkärçiligini çekip bilmejekdigini aýtdy ".

Polisiýa tarapyndan sorag edilenden soň, Merdanyň ene-atasy onuň bilen habarlaşyp, işini togtatmagyny, esasanam hökümeti tankytlamazlygyny soradylar. Emma aktiwist bu talaplary ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi.

“Häkimiýetleri tankytlamakdan ýüz öwürenimden soň, ene-atam meniň bilen aragatnaşyk saklamagy bes etdiler.Olar bilen habarlaşmak üçin eden synanyşyklarymyň hemmesi şowsuz boldy, meni IMO we ICQ ulgamlarynda petiklediler.

Olaryň muny mundan beýläk yzarlanmakdan gorkup edýändiklerini bilýärin.Emma bu meni saklamaz.Köpler aktiwistleriň kimdir biri tarapyndan tölenýändigine ynanýarlar.Emma beýle däl.Biz diňe öz hukuklarymyzy goraýarys we Türkmenistanda oňyn üýtgeşmeleriň bolmagyny isleýäris "- diýip Merdan Ilýasow aýtdy.

Ilýasowyň maşgalasyna türkmen häkimiýetleri tarapyndan edilýän basyşy ilkinji gezek däl.Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan Türki döwletler guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda Merdan sosial ulgamlarda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan ýazgy çap etdi. Şondan soň polisiýa işgärleri aktiwistiň ene-atasynyň öýüne gelip, erbet netijeler bilen haýbat atdylar.

Güýçli basyş sebäpli Merdanyň kakasy ogluny aktiwist işinden sowmaga söz bermeli boldy.

Soňra Merdan işini dowam etdirmek, ýöne şahsyýetini gizlemek kararyna geldi. Ol lakam ulanyp başlady we Türkiýedäki raýat aktiwistleriniň arasynda "Matematik" ady bilen tanaldy.

Merdan heniz Türkmenistanda ýaşap, kiçi telekeçilik bilen meşgullanan wagtynda Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girendigi üçin polisiýa çagyrylandygyny ýatlaýar. Ol 2017-nji ýylda Azatlygyň web sahypasyna yzygiderli girýändigi barada polisiýa tarapyndan sorag edildi.

“Bu Aziýa oýunlaryndan öň bolup geçdi (2017-nji ýylyň sentýabr aýynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary - Azatlygyň belligi).Men şonda VPN-e girmän, petiklemelerden geçmek üçin Google-daky beýleki ýollary ulanýardym.

Dostlarym maňa şony öwredipdi. Ýöne VPN ulanmasaň polisiýanyň yzarlap biljekdigini bilmändim.Polisiýa işgärinden jaň geldi we olar meni gürleşmäge çagyrdylar.Sorag wagtynda men saýta tötänleýin girendigimi we telefonymdan aýryp bilmändigimi aýtdym " - diýip Merdan Ilýasow gürrüň berdi.

Ilýasow ýakynlaryna Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan basyş edilýän ilkinji aktiwist däl. Azatlyk Radiosy ozal daşary ýurtlardaky aktiwistleriň ýurt içindäki ene-atalaryna we garyndaşlaryna türkmen howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azar berlen köp sanly ýagdaýlar barada habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen häkimiýetleri raýat aktiwistiniň maşgalasyna basyş edýärler
Ýylyň jemleri: Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aýgytly ýyly
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäsine ýokary hyzmatlary üçin atly medal gowşuryldy
Serdar Berdimuhamedowa Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin atly medal gowşuryldy